Porsche we wanilinli doňdurma

Bu täsin taryhy waka dünýäde awtomobil önümçiliginde öňdäki orny eýeleýän german awtoulag şereketi Porsche-niň alyjylaryň islegine nähili derejede üns berýändigini görkezýär. Waka 1983-nji ýylda bolup geçýär. Şol ýyl Danny Troatman atly alyjy tarapyndan ugradylan täsin şikaýat şereketiň ýolbaşçylarynyň ünsüni çekýär. Şikaýat hatynda alyjynyň täze alan Porsche awtoulagy bilen adaty gidýän dükanyndan wanilinli doňdurma alan güni awtoulagynyň meselesiz ýagdaýda otlanýandygy, emma başga görnüşli doňdurma alan güni bolsa awtoulagynyň otlanmaýandygy ýazylýar. Şereket bu şikaýatdan soň herekete geçýär we özüniň ýokary derejeli hünärmenleriniň birini bu meseläni çözmek üçin Troatmanyň ýaşaýan ýerine, ýagny, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu Jersi şäherine ugradýar. Tiz wagtdan hünärmen bu şähere gelýär we alyjynyň adatdaky ýaly dükana gitmegini isleýär. Hünärmen we Troatman awtoulag bilen dükana gidýärler. Şol gün awtoulag hakykatdan hem alyjy wanilinli doňdurma alanynda meselesiz otlanýar, emma ertesi gelip başga görnüşli doňdurma alanynda bolsa otlanmaýar. Hünärmen birnäçe günläp alyjy bilen bu ýagdaýa syn edýär. Ahyrynda bolsa meseläniň sebäbini tapýar. Hünärmen şereketiň öndürýän şeýle modelli awtoulaglarynyň hereketlendirijileriniň (motorynyň) sowadyjy ulgamynyň kadaly işlemeýändigini anyklaýar.

Ýagny, wanilinli doňdurma şäherde uly isleg bildirilýän doňdurma. Şonuň üçin hem ony almaga gelýän adamlaryň nobaty beýleki görnüşli doňdurmalaryň nobatyndan aşa köp. Troatman nobata durup bu doňdurmany alýança geçýän wagtyň dowamynda awtoulagyň hereketlendirijisi (motory) sowaýar we kynçylyksyz otlanýar. Emma başga görnüşli doňdurmalaryň nobatynyň azlygy bolsa alyjynyň wagtyny gysgaldýar we bu az wagt awtoulagyň hereketlendirijisiniň (motorynyň) sowamagy üçin ýeterlik däl. Şonuň üçin hem awtoulag otlanmaýar. Hünärmen bu barada öz hasabatyny taýýarlaýar we şerekete gaýdyp gelýär. Şondan soňra şereket satylan şeýle modelli awtoulaglarynyň ählisini wagtlaýyn yzyna ýygnaýar we olaryň hereketlendirijileriniň (motorynyň) sowadyjy ulgamlarynda düzediş işlerini geçirip täzeden eýelerine gowşurýar. Şeýlelikde, Porsche şereketi alyjylaryň ynamyny gazanmagy başarýar. Bu waka bolsa şereketiň abraýynyň has-da beýgelmegine itergi beren wakalaryň birine öwrülýär.

Baýramnur Orazow
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
weterinariýa bölüminiň 1-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok