Kolumbiýa Uniwersiteti Amerikanyň Nýu-Ýork şäheriniň Manhettan diýen ýerinde ýerleşýän iň gadymy ýokary okuw jaýy bolup, ylmyň dürli ugurlarynda köpsanly zehinli talyplary terbiýeläp ýetişdirýän ajaýyp bilim ojagydyr. Bu uniwersitet özüniň eýeleýän meýdanynyň ululygy bilen beýlekilerden tapawutlanýar. Uniwersitetde 33 müňden gowrak talyp bilim alýar we 4 müňe golaý mugallym zähmet çekýär. Şeýle-de, bu okuw jaýy talyplarynyň ylymda gazanan oňaýly netijeleri bilen bütin dünýäde uly meşhurlyga eýedir. Ol 1754-nji ýylda orta okuw jaýy hökmünde esaslandyrylyp, 1912-nji ýylda Uniwersitet derejesine eýe bolýar. Görnükli uçurymlarynyň arasynda 29-sy “Oskar” baýragynyň, 43-si Nobel we 123 sany Pulitser baýragynyň eýesi boldylar. Mundan başga-da 29-sy döwlet baştutanlary bolup, şolardan 3-si Amerikanyňkydyr.
Ýewropanyň gadymy ylym-bilim merkezleriniň ýene biri Kembrij Uniwersitetidir. Beýik Britaniýada ýerleşýän bu Uniwersitet 1209-njy ýylda esaslandyrylýar. Şol ýyldan bäri şöhratyny ýitirmän, talyplarynyň görkezen gowy netijeleri boýunça birinjiligi saklap gelýär. Gadymylygy boýunça Oksford Uniwersitetinden soň ikinji orunda durýar.Häzirki wagtda 19 müňden gowrak talyplar kämil bilim alýarlar.
Onuň 34 göterimini daşary ýurtly talyplar düzýär. Bu ýerde 7 müňe golaý mugallym talyplara bilim berýärler.
Şeýle-de, ol ýörite şygar astynda hereket edýär. Onda “Biz bu ýerde ýagty geljegimizi döretmek bilen mukaddes ylymy ele alýarys” diýip bellenýär. Bu bolsa her bir talybyň hünärini söýüp, kämil hünärmen bolup ýetişmegine itergi berýär. Irlandiýanyň we Beýik Britaniýanyň iň gadymy ýokary okuw jaýlarynyň sanawynda birinji orny eýeleýän Oksford Uniwersiteti Beýik Britaniýanyň Oksford şäherinde ýerleşýär. Ol 1096-njy ýyldan bäri talyplara ýokary hilli bilim almaga mümkinçilik döredýär. Talyplar esasan matematika, fizika, jemgyýeti öwreniş ylymlary, lukmançylyk, daşky gurşaw we ýaşaýyş durmuş ýaly ynsanperwer we takyk ugurlarda bilim alýarlar.
Bu ägirt uly Uniwersitet 100-den gowrak kitaphanany özünde jemleýär. Beýik Britaniýanyň görnükli primýer ministrleriniň 25-si ylym köküni bu uniwersitetde goýan uçurumlarydyr. Müňlerçe talyplaryň arzuwy bolan bu ýokary okuw jaýy öz däp-dessurlaryny gorap saklaýanlygy hem-de ýaşlara ýokary hilli bilim berýänligi boýunça dünýäde öňdeligi eýeleýär. Bu bilim ojagyny tamamlan zehinli talyplarynyň arasynda Lýus Kerrol, Jon Tolkin, Margaret Tetçer we Toni Bler taryhda uly meşhurlyga eýe bolan şahslardyr.
Gözel EMINOWA,
Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara
žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby
Teswirler