BAE ösüş ýolunda

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) Ýeriň emeli hemrasynda 4 tigirli lunohod enjamyny oturdyp, Aýda ylmy-barlag işlerini geçirmek boýunça maksatnamany ýola goýdy. Ýagny, bu barada ýurduň Premýer-ministri Mohammed bin Raşid Al Maktum maksatnama esasynda üstünlik gazanylsa onda, dünýäde bu ugur boýunça iş alyp barýan esasy 4 ýurduň birine öwrüler diýip belleýär.

 Şeýlelikde, häzirki wagtda Birleşen Arap Emirlikleriniň Muhammet bin Raşid adyndaky kosmos merkeziniň ýolbaşçylygyndaky kosmos maksatnamasy ýokary derejede ösdürilýär. Muňa mysal edip, 2009-njy ýylda ilkinji «DubaiSat-1» emeli hemrasy kosmosa uçurylmagy, 2013-nji ýylda bolsa, şuňa meňzeş ikinji enjam uçurylmagy munuň aýdyň mysalydyr.

Mundan başgada, BAE-niň ilkinji kosmonawty 2018-nji ýylda «Soýuz MS-15» kosmos gämisi bilen Halkara Kosmos Bekedine baryp, şol ýerde bir hepdeläp galdy. 2019-njy ýylda bolsa, BAE-niň hökümeti 2030-njy ýyla çenli kosmos maksatnamasyny ösdürmek baradaky meýilnamasyny tassyklady. Şeýlelikde,  maksatnama laýyklykda gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen 2020-nji ýylyň iýul aýynda Mars planetasynyň atmosferasyny öwrenjek Marsa «Umyt» atly kosmos zonduny uçuryldy.

Şeýle hem, bu ýerde Halkara kosmos bekedinde uzak wagtlap galjak kosmonawtlar taýýarlanýar. Bu ýerdäki BAE-niň Aýa iberjek kosmos enjamynyň agramy 10 kilogram deň bolup, ol Gün paneli bilen enjamlaşdyrylandyr. Kosmosyň adyny göterýän bu enjam, Lunohod Dubaýyň birinji Emiri Raşid II-niň hormatyna «Raşid» adyny göterýär.

Hudaýberdiýew AÝMYRAT
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok