Tesla soňky çärýek we ýyl üçin rekord satuwlara garaşýar

Kompaniýanyň esasy maksady 2020 ýyl üçin 500 000 elektrik ulagyny satmak.Geçen çärýek Tesla üçin üstünlikli boldy . Kompaniýa 140 000 elektrik ulagyny öndürmek bilen öz göýan rekordyny täzelemegi başardy . 2020 -nji ýylyň soňky çärýegi we tutyş ýyl üçin kompaniýanyň meýilnamalary has-da hyjuwly. Kompaniýa önümçiligi 20% ýokarlandyrmak bilen rekord görkeziji bolan 500 000 elektrik ulagyny öndürmegi niýet edinýär.

Şeýle garaýyş we meýilnamany kompaniýany esaslandyryjy Elon Maskyň öz işgärlerine ýazan hatyndan hem görmek bolýar.Ol hatda şeýle diýilýär “ Tesla kompaniýasy elektrik ulaglarynyň taryhynda ilkinji gezek 500 000 ulagy öndürmäge ýakyn,bu göräýmäge kyn emma biz bu sepgide örän ýakyn. 16 ýyl özal kompaniýany esaslandyranymyzda bu üstünlige garaşamyzokdyk emma siziň zähmetsöýerligiňiz hem-de ugyrtapyjylygyňyz bilen şeýle üstünliklere ýetdik” Şeýle hem ol hünärmenlerden san üçin hili pida etmezligi hem haýyş etdi.

Ýeri gelende belläp geçsek häzirki wagtda dünýäde dowam edýän COVID – 19 pandemiýasynyň çäklerinde şeýle üstünliklere ýetip bilmegi kompaniýanyň işiniň ilerleýändiginiň aýdyň alamatydyr.

Allamyrat Durdymädow
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok