USAID-iň «Bäsdeşlige ukyplylyk, söwda we iş orunlaryny döretmek» taslamasy 2020-nji ýylyň 29-njy oktýabry – 15-nji dekabry aralygynda geçiriljek «Söwda dünýäsi» forum-sergisine gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edilip başlanandygy barada habar berýär!
“Söwda dünýäsi” onlaýn forum sergisi Merkezi Aziýa ýurtlary üçin bölek söwda kärhanalaryň wekilleri, GDA ýurtlarynyň sarp ediş harytlarynynyň distribýutorlary we üpjün edijiler bilen işewür gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin özboluşly platforma bolup durýar. Bu çäre barada goşmaça maglumaty şu ýerde okap bilersiňiz.
Ýerleriň sanynyň çäklidigi sebäpli, gatnaşyjylary saýlamak tertibi bäsdeşlik esasynda geçiriler. Eger gyzyklanýan bolsaňyz, gatnaşmak üçin anketany dolduryp ctjexportsupport@dai.com elektron salgysyna 2020-nji ýylyň 14-nji oktýabryň sagat 17:00 çenli iberip bilersiňiz. Anketany şu ýerden indirip bilersiňiz.
Gatnaşmagyň şertleri:
– Ýüztutma tassyklanandan soň, USAID CTJ taslamasy öz hasabyna gatnaşy kompaniýanyň “Söwda dünýäsi” onlaýn çäresine gatnaşmagyny üpjün etmek üçin töleglerini geçirýär we wirtual stend döretmek we foruma gatnaşmak üçin giriş loginini we açar sözini döredýär;
– Gatnaşyjy kompaniýa, “Söwda dünýäsi” onlaýn platformasynda öz wirtual stendini gurýar, elektron broşýuralary, tehniki enjamlaryny, önümleriň suratlaryny, bahalaryň sanawyny we üstünlikli gepleşikler üçin beýleki möhüm maglumatlary gurnaýar;
– Çärä tamamlanandan soň, 20 günüň dowamynda gatnaşyjy kompaniýa, USAID CTJ taslamasyna distribýutorlar we bölek satyjylar bilen gepleşikleriň deslapky netijeleri barada maglumat bermeli.
Goşmaça soraglar boýunça şu belgi boýunça habarlaşyp bilersiňiz: +99365 687965.
.
Teswirler