Luiza Glýuk edebiýat ugrundan Nobel baýragynyň eýesi

2020-nji ýylyň Şwesiýanyň Korollyk Ylymlar akademiýasynyň Nobel komitetiniň berýän habaryna görä, ajaýyp ylmy açyşlary, oýlap tapyşlary, medeniýetiň ýa-da jemgyýetiň ösüşine goşant goşan edebiýat we sungat öwrenijileriň edebiýat boýunça Nobel baýragynyň ýeňijileri yglan edildi. Ýagny, ýaryşyň tertipnamasyna laýyklykda,  amerikaly şahyr Luiza Glýuk nobel baýragynyň ýeňijisi diýip yglan edildi.

Luiza Glýuguň döredijilik ýoly hakynda gürrüň edilende, ol Massaçusetsiň Uilýams kolležinde, Ýel, Boston we Aýow uniwersitetlerinde iňlis dili mugallymçylyk kärinde işläp, özüniň döredijilikli eserleri bilen ABŞ-da birnäçe gezek ýokary baýrakly orunlara mynasyp bolýar. Ýagny ol, Amerikanyň şahyrlar akademiýasynyň baýragy, Tankytçylar jemgyýetiniň milli kitap baýragy, Pulitser baýragy ýaly birnäçe baýraklary gazandy.

Hudaýberdiýew AÝMYRAT
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok