Google-dan “Jaquard” smartfon torbasy

Meşhur “Google ” kompaniýasy çemodan we el torbalarynyň önümçiligine ýöriteleşdirilen “Samsonite” kompaniýasy bilen “Jacquard” kysymly akylly el torbasyny satuwa çykardy. Bu önümiň esasy aýratynlygy duýgyr kapsulany el torbanyň amatly ýerine goýmak bilen bluetooh ulgamy bilen akylly telefonlary we beýleki enjamlary dolandyrmak mümkin.

El torbanyň duýgur ýerlerini ulanmak arkaly sazy dolandyryp, ses kömekçisini işe girizip ýa-da ýolbelet ulgamyny enjamlary ele almazdan amatly ýagdaýda ulanmak mümkin. Bu akylly torbanyň esasan hem uzak wagtlyk syýahata gitmegi halaýanlaryň arasynda uly islegden peýdalanmagyna garaşylýar. Ýene-de bir amatly tarapy arassalamak üçin duýgyr kapsulany aýyryp eşik ýuwujy maşyna atmak ýeterlikdir.

Aýyt Annaýew
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen

oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok