El işleriniň sergisi geçirildi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda, asyrlardan-asyrlar aşyp gelen milli mirasymyzy, halk döredijiligimizi goramaga, aýawly saklamaga we ösdürmäge uly mümkinçilik döredi. Bu günki günde ene-mamalarymyz tarapyndan sünnälenip şu günki günümize gelip ýeten el işlerine has dogrusy milliligimize uly sarpa goýulýar.
Bu gün bolsa, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda “Nusgalykdyr seniň eliň hünäri” atly sergi we wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Sergi diýseň täsirli boldy. Şular ýaly ýokary derjedäki sergileriň geçirilmegi millilik ýörelgämizi has-da açyp görkezmäge mümkinçilik döredýär.

Osman Muhyýew
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet
we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň müdiri.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok