Ylmyň soňky gazananlary bilim ojagynda

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň John-Deere okuw merkezinde täze “Simulýator” guruldy. Bu talyplara tejribe okuwlaryny has-da düşnikli bolar ýaly netije berýär.

Okuwlar John-Deere kompaniýasynyň hünärmenleriň gatnaşmagynda okuwlar gurnalýar. Merkezde reje boýunça umumy, amaly, tejribe okuwlary geçirilýär. Okuwda talyplaryň özleri tehnikalary mugallymlaryň gatnaşmagynda söküp düzme tehniki ideg etmek işlerini amala aşyrylýar.

John-Deere okuw merkezi binäçe ýyldan bäri hereket edip gelýär.

Ýaňy ýakynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine täze John-Deere 6125М, John-Deere 6155М, John-Deere 6195М kysymly traktoryny sowgat berildi.

Suratda Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Kakalyýew Myrat we talyplar okuw tejribelik döwründe

John-Deere okuw merkezinde oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň talyplaryna reje boýunça okuwlar gurnalýar we talyplar bilen mugallymlaryň gatnaşmagynda tehnikalaryň gurluşyny, işleýşini, sazlanşyny we niýetlenşini öwredilýär.

Şeýle hem talyp ýaşlarymyza John-Deere kompaniýasynyň öndürýän tehnikasy barada giňişleýin öwredilip, olar barada ýyllyk we diplom işlerini ýazýarlar.

“Simulýator” kombaýyn traktoryň kabinasynda ýerleşdirilen ugrukdyryjylar oturdylan. TOHU-nyň okuw tejribe hojalygynda hem ýetişen bugdaýy, pagtany kombaýyn bilen ýygmagy özleşdirip bolýar.

«Sanly ykdysadyýet» adalgasy soňky döwürde syýasatçylar, ykdysatçylar we bilermenler tarapyndan giňden ara alnyp maslahatlaşylýan meselä öwrüldi. Munuň esasy sebäbini köp ýurtlaryň ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny, hususan-da, sanly maglumatlary ykdysadyýete ornaşdyrmagyň netijesinde uly öňegidişlikleri gazanmagy başarandyklary bilen düşündirip bolar.

Mundan başgada oba hojalygynda ösdürilip ýetişdirilen bugdaýy we gowaçany ýitgisiz ýygnamakda ulanylýan ýokary öndürjilikli kuwwatly kombaýynlar işleýär.

25 ýyldan bäri Amerikanyň John-Deere kompaniýasy ekerançylygymyzda hyzmat edýär.

Şagulyýew ESENMYRAT, Nurgeldiýew BATYR,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymlary.

Teswirler

Eminenazarowa

AOHOM