Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hytaý dilinde neşir edilen «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
Dabaraly çärä ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň, HHR-iň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, Aşgabatda işleýän halkara guramalaryň we habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, syýasatşynaslar, diplomatlar, ýurdumyzyň gazet-žurnallarynyň redaktorlary, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Halkara ylmy toparlaryň we jemgyýetçiligiň wekilleri bu eseri daşary ýurt dillerine terjime etmäge meýillerini beýan edýärler. Hytaý dilindäki neşir Türkmenistanyň Baştutanynyň täze eseriniň daşary ýurtlardaky terjimesiniň ilkinjisidir. Onuň hytaý dilindäki terjimesiniň çap edilmegi ýyl-ýyldan berkeýän türkmen-hytaý dostluk gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka, türkmen döwletiniň Baştutanyna çuňňur hormatyň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpugurly döwlet, syýasy, ylmy we medeni işindäki uly hyzmatlarynyň ykrar edilmesi bolup durýar.
«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» eseriniň hytaý diline terjime edilmegi bu ýurduň ägirt uly okyjylar köpçüliginiň türkmen halkynyň gadymy taryhy we baý medeniýeti, ümmülmez ruhy dünýäsi, filosofiýasy, häsiýetleri, ähli adamzat üçin könelmeýän gymmatlyklara eýe bolan parasatly öwüt-ündewleri barada öz düşünjelerini artdyrmaklygyna ýardam edýär. Çykyş edenler munuň iki ýurduň arasynda netijeli dostluk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ösdürmäge ýakyndan ýardam etjekdigini bellediler.
HHR-iň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Sýan Bon ýygnananlara ýüzlenip, türkmen Lideriniň täze eseriniň esasyny düzýän beýik ýörelgeleriň hytaý halkyna aýratyn ýakyndygyny we düşnüklidigini nygtady. Bu ýörelgeler hytaý halkynyň däpleri we ruhy ýörelgeleri bilen sazlaşýar.
Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, halkymyzyň köpasyrlyk däplerine daýanmak bilen, Garaşsyz Türkmenistan parahatçylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň ählisi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga gönükdirilen syýasatyny alyp barýar. Bu syýasat ählumumy bähbitleriň hatyrasyna giň halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilendir.
Täze neşir iki ýurduň dostluk gatnaşyklaryny hem-de medeni ulgamdaky hyzmatdaşlygy berkitmäge, parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini giňden wagyz etmek arkaly biziň halklarymyzy mundan beýläk-de ýakynlaşdyrmaga ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylynda çap edilmeginiň özboluşly ähmiýeti nygtaldy.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda bilim alýan hytaýly talyp öz çykyşynda döwlet Baştutanymyzyň eseriniň türkmen-hytaý ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmekdäki, ylym-bilim gatnaşyklaryny giňeltmekdäki möhüm ornuny belledi. Ol Türkmenistanyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde hytaý diliniň öwredilmeginiň, talyplaryň işjeň alşylmagynyň bilim ulgamyndaky üstünlikli hyzmatdaşlygyň möhüm görkezijisidigini aýtdy.
Teswirler