Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi.

Mejlisiň barşynda şu ýylyň dokuz aýynda harby we hukuk goraýjy edaralarda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň esasy ugurlary kesgitlenildi we maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşun düzümlerinden we harby edaralardan çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary boşatmak hem-de Türkmenistanyň raýatlaryny nobatdaky harby gulluga çagyrmak işlerini ýokary derejede geçirmek boýunça döredilen şertler baradaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri döwletimiziň parahatçylyk söýüjilik we harby-syýasy strategiýasynyň ygtybarly binýady bolmalydyr. Hormatly Prezidentimiz Diýarymyzyň Bitaraplyk derejesini hem-de daşary syýasy ugruny nazara almak arkaly işlenip taýýarlanylan Harby doktrinanyň onuň esasyny düzmelidigini belledi.

Milli Liderimiz Harby doktrinada kesgitlenilen wezipelerden ugur alyp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, şahsy düzümler hakynda aladany güýçlendirmek, olaryň durmuş, gulluk hem-de dynç alyş şertlerini gowulandyrmak üçin ähli tagallalary etmek bilen bagly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidir diýip aýtdy.

Milli Liderimiz ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmegiň kadalarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmegiň esasy wezipeleriň biridigini belläp, edaralarda we kärhanalarda, ilatyň arasynda ýangyn howpsuzlygy boýunça düşündiriş işleriniň geçirilmeginiň hem-de bu ugra degişli ähli düzgünleriň yzygiderli berjaý edilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Gurluşyklarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegine we bellenilen möhletinde ulanylmaga berilmegine berk gözegçilik ýola goýulmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tabşyryk berdi.

Hormatly Prezidentimiz döwlet häkimiýet edaralarynyň, öz-özüňi dolandyryş we ýerli häkimiýet ýerine ýetiriş düzümleriniň, edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, wezipeli şahslaryň hem-de beýleki raýatlaryň işlerinde kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň berjaý edilişine prokuror gözegçiligini güýçlendirmegiň zerurdygyny belläp, öňde durýan wezipeleriň durmuşa geçirilişine gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň jemini jemläp, Türkmenistan tarapyndan amala aşyrylýan goranmak häsiýetli harby taglymatyň binýadyny düzýän parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, döwletimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-tehniki binýadyny yzygiderli ýokarlandyrýar, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini kämilleşdirmek, harby gullukçylaryň we olaryň maşgalalarynyň gulluk etmegi we ýaşaýşy üçin mynasyp şertleri üpjün etmek barada mundan beýläk-de alada eder diýip aýtdy.

Mejlisde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok