Türkmenistanyň futbol çempionatynyň üçünji aýlawyna badalga berildi

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň üçünji aýlawyna badalga berildi. Täze aýlawyň ilkinji, umumy çempionatynyň bolsa 15-nji tapgyrynyň duşuşyklary Aşgabat we Türkmenbaşy şäherlerinde geçirildi.

Anna güni adybir stadionynda geçirilen «Köpetdag» «Energetik» duşuşygynyň 90 minudynda hasap açylmadyk hem bolsa, Tofik Şükürowyň şägirtleri — ýer eýeleri goşmaça wagtyň 2-nji minudynda hasaby açyp, toparyna arzyly ýeňşi getirdiler. Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini «Köpetdagyň» futbolçysy Resul Mahmudow geçirdi.

Şol gün Türkmenbaşy şäherindäki «Şagadam» stadionynda ýerli topar paýtagtyň «Aşgabat» futbol toparyny kabul etdi. Bu duşuşyk hem ýer eýeleriniň — «Şagadamyň» 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Duşuşygyň 45-nji minudynda «Şagadamyň» 36 ýaşly goragçysy Ýewgeniý Tkaçenko hasaby açdy.

Şenbe güni «Aşgabat» stadionynda geçirilen duşuşykda «Ahal» «Nebitçini» kabul etdi. «Ahal» «Nebitçini» jogapsyz pökgüleriň üçüsi bilen utulyşa sezewar etdi. Duşuşykdaky pökgüleriň ilkinjisini «Nebitçiniň» futbolçysy Seýitmämmet Hojamämmedow 23-nji minutda öz derwezesine girizen bolsa, soňky iki pökgini 30-njy (11 metrlik jerime urgusy) we 48-nji minutlarda Elman Tagaýew geçirdi. Şeýlelikde, «Ahalyň» tejribeli ýarym goragçysy Ýokary liganyň şu möwsüminde 10 pökgi geçirip bilen ikinji futbolçy boldy.

Tapgyryň jemleýji duşuşygy «Altyn asyr» bilen «Merwiň» arasynda geçirildi. Paýtagtymyzdaky «Nusaý» stadionynda bolan duşuşykda myhmanlar 15-nji minutda Amangeldi Saparowyň geçiren pökgüsi bilen öňe saýlanan hem bolsa, taryhyndaky ýedinji çempionlyga ymtylýan «Altyn asyr» 7 minut soňra hasaby deňledi. Has takygy, 22-nji minutda Myrat Annaýew 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip, toparyny ruhlandyrdy. Şondan soňra 37-nji minutda Zafar Babajanow, 48-nji minutda Mihail Titow «Altyn asyryň» ikinji we üçünji pökgülerini geçirdiler. Şeýlelikde, duşuşyk 3:1 hasabynda «aragatnaşykçylaryň» ýeňşi bilen tamamlandy. Bu duşuşygyň netijesiniň Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleriniň bassyr dokuzynjy ýeňşidigini hem aýtmak gerek.

Yzda galan 15 tapgyryň duşuşyklaryndan soňra, «Altyn asyr» 36 utuk bilen ýaryşyň başyny çekýär. Ikinji orundaky «Ahalyň» 34, üçünjilikdäki «Şagadamyň» 25 utugy bar. Şeýle hem 15 tapgyrda «Köpetdag» 23, «Aşgabat» 17, «Merw» bilen «Nebitçi» 13, «Energetik» bolsa 8 utuk toplady. «Altyn asyryň» hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew 16 pökgi bilen iň netijeli futbolçylaryň sanawynyň başyny çekýär.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň şu möwsüminiň ýeňijisiniň 2021-nji ýylda Aziýanyň iň ýokary derejeli klublaýyn ýaryşyna — AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşjakdygyny ýatladýarys.

16-njy tapgyryň duşuşyklarynyň netijeleri:

 «Aşgabat» – «Köpetdag» – 1:3

Gollar: 44 Döwran Hojamämmedow («Aşgabat») – 66 Döwletmyrat Seýitmuhammedow, 79 (11 m.j.u.) Serdar Baýramow, 90+4 Elýas Akyýew («Köpetdag»)

«Merw» – «Energetik» – 3:2

Gollar: 56 Arslan Ýusupow, 68, 85 Pirmyrat Gazakow («Merw») – 26 (11 m.j.u.), 81 Rahmet Şermetow («Energetik»)

«Nebitçi» – «Şagadam» 2:4

Gollar: 38, 45+2 Alibek Abdyrahmanow («Nebitçi») –, 40, 74 Yhlas Magtymow, 58 Musa Nurnazarow, 59 Baýramgeldi Nurlyýew (11 m.j.u.) («Şagadam»)

Bellik: Duşuşygyň 25-nji minutynda «Nebitçiniň» oýunçysy Aşyrgeldi Ylýasow 11 metrlik urgusyny nädürs ýerine ýetirdi.

 «Altyn Asyr» – «Ahal» – 1:1

Gollar: 55 Altymyrat Annadurdyýew («Altyn Asyr») – 42 Elman Tagaýew («Ahal»)

T/bToparlarOÝDUTU
1.«ALTYN ASYR»16114143-1337
2.«AHAL»16112334-1235
3.«ŞAGADAM»1684426-1728
4.«KÖPETDAG»1675419-1426
5.«AŞGABAT»1645716-2517
6.«MERW»16511016-2616
7.«NEBITÇI»16411114-3913

Begenç Amanow,
TOHU-nyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok