Türkmenistanda suwy tygşytly ulanmagyň ugurlary

Suw bu topragyň, adamzat jemgyýetiniň, ösümlik dünýäsiniň ýaşaýyş çeşmesidir. Şonuň üçin hem halk arasynda “Suw gutaran ýerinde ýaşaýyş hem gutarar”, “Ekini bitirýänem suw ýitirýänem” diýlen dana sözleri biziň ata-babalarymyzyň döwründen bäri suwa uly hormat goýulup gelnendiginden mysaldyr.

Türkmenistanda ýer-suw baýlyklarymyzy netijeli peýdalanmak barada uly işler alynyp barylýar.

Eger häzirki döwürde, suwuň çäkli mukdarynda käbir etraplarda suwuň ýetmezliçiligi duýulýan bolsa, ekerançylyk meýdanlaryny şeýle mukdarda artdyryp bolarmy diýen sowallar öňde uly mesele bolup durýar. Bu meseleleri çözmek üçin suwy tygşytly ulanmagyň dürli ugurlaryny öwrenmek zerurdyr.

Asyrlaryň dowamynda gurak howa şertlerinde ýaşap gelen türkmen halky hemişe suwa mätäç bolup oňa uly hormat goýup gelipdirler suwyň her damjasyny altyna deňäpdirler.

Suwlary tygşytly ulanmagyň esasy ýollarynyň biri hem suw howdanlarynyň sanyny artdyrmakdyr. Sebäbi Türkmenistanda derýalaryň, çeşmeleriň suwlary ýylyň dowamynda peýdalanylyşy rejeli bolmaýar. Olaryň suwy bahar aýlarynda köpelýär, galan wagytlarda bolsa suw örän az akýar ýa-da gurap galýar. Bu bolsa oba hojalygyny suw bilen öz wagtynda doly üjün etmäge päsgelçilik döredýär. Suw howdanlarynyň kömegi bilen joşup gelýän suwlary ýygnap ýylyň ähli döwründe oba hojalygyny suw bilen üpjün edip bolýar. Bu bolsa suw gorlaryny köpeltmekde hem-de ony tygşytly ulanmakda esasy ugurlar bolup durýar. Türkmenistanyň çäklerinde suwlary tygşytly ulanmagyň ugurlarynyň biride akymlary sazlamakdyr.

Geçmişimizde oba hojalygyny ýeriň üsti bilen suwarmak iň giň ýaýran usullarynyň biri bolan bolsa, häzirki döwürde damja bilen suwarmaklyk önümçilikde giňden ýaýrandyr. Bu usul oba hojalygynda ähmiýeti uludyr. Damja bilen suwaryş oba hojalyk ekinlerini, olaryň islegleri we suw sarp edişleri boýunça yzygiderli suw bilen üpjün etmäge mümkinçilikler berýär. XX asyryň otuzynjy ýyllaryň başlarynda döredilen suwaryşyň bu usuly soňky ýyllaryň içinde dünýäniň dürli ýurtlarynda giň gerim bilen önümçilikde ornaşdyrylyp başlandy.

Biziň Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde hem ýyladyşhanada dürli ekinler damja usulynda suwarylýar. Talyp ýaşlarymyzyň nazary alan bilimlerini ýyladyşhanada öz gözleri bilen ekinleriň suwarylşyny, dökünleriň ergin halda berilşini awtomatik usulda nähili suwylýandygyny görýärler. Ýyldyşhanada ýylyň islendik wagty ekinler ýetişdirilýär. Bu ýerde ýetişdirilýän ekinler ekologiýa taýdan arassa bolup durýar. Talyp ýaşlar bu ýerde alan maglumatlaryny özleriniň diplom taslamarynda ýyllyk işlerinde , ylymy işlerinde giňden peýdalanýarlar.

Damja bilen suwarmak usulynyň artykmaçlyklary suwyň örän tygşyly ulanylmagy, ekinleriň ekiliş usulyna görä damja usuly bilen suwarylanda beýleki suwaryş usullary bilen deňeşdirlende suw 2-4-esse az sarp edilýär. Bu bolsa ekin meýdanlary ýurdumyzda köpelen ýagdaýynda suw bilen doly üpjün etmäge mümkinçilikleriň bardygyny mälim edýär. Mundan daşary hem;

  • Ekinleriň köklerine yzygiderli yzgarlylyk berýär.
  • Hatar aralarynda bejergi işlerini islendik wagytlarda geçirip
    bolýar.
  • Ýerleri tekizlemek işleri gerek bolmaýar. Uly ýapgytlygy bolan ýerleri we baýyrlary özleşdirmäge mümkinçilikler döretýär.
  • Ergin dökünleri zerur mukdarda berip bolýar.
  • Hapa-haşal otlardan arassa saklaýar.
    Damja usuly bilen miweli we beýleki baglary, üzümleri hem-de gök bakja ekinleri suwarmak maslahat berilýär.
    Damja bilen suwaryş ulgamy ulanylýan döwürde ekinleri suwarmagyň düzgünleri önümçilik şertlerinde doly öwrenilýär, kämilleşýär, şeýle hem gowaça we däne ekinleri bu suwaryş usula geçirmekligiň taslamalary işlenip düzülýär.

Türkmen Oba Hojalyk Uniwersitetiniň
Oba hojalyk meliorasiýalary kafedrasynyň mugallymy
Orazsähedow Saparmyrat

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok