Şu ýylyň ýanwar—iýul aýlarynda türkmen dökünleriniň eksportynyň gymmaty geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 73,4 göterim ýokarlandy. Statistika baradaky Döwlet komitetiniň maglumatlary muny subut edýär.
Şu ýylyň 7 aýynda Türkmenistan daşary ýurtlara 700 müň tonnadan gowrak dökün ýollady. 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanylmaga berlen «Garabogazkarbamid» zawodynyň önümçilik kuwwatyny ulanmak arkaly önümçiligini ep-esli ýokarlandyrdy.
Şu ýylyň ýanwar—awgust aýlarynda mineral dökünleriň öndürilişi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 42,1 göterim ýokarlandy. Azot dökünleriniň önümçiligi iň ýokary görkeziji bilen, 52,3 göterim ýokarlandy.
«Türkmenhimiýa» Döwlet konserni dökün öndürmek boýunça ýyllyk meýilnamasyny möhletinden öň ýerine ýetirdi. Awgust aýynda — ýylyň ahyryna 4 aý galanda önümçilik 109,3 göterim ýerine ýetirildi.
Türkmenistanyň günbatarynda ýerleşýän «Garabogazkarbamid» zawody ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid dökünlerini öndürmek üçin niýetlenendir. Sebitde iň uly we iň häzirki zaman enjamlar bilen enjamlaşdyrylan zawod hökmünde ykrar edilendir. Ýokarda getirilen maglumatlar gaz himiýa toplumynyň işe girizilmegi we üstünlikli işlemegi Türkmenistanyň Merkezi Aziýada mineral dökünleri öndüriji we eksport ediji ýurda öwrülmegine goşant goşandygyny tassyklaýar — diýlip «Orient» saýtynyň habarynda aýdylýar.
Teswirler
Garlyk kaliý zawody eksport edenokmyka hiç zat???