TTII-niň Ýaş alymlar geňeşi mio-protez taslamanyň üstünde işleýär

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda hereket edýän Ýaş alymlar geňeşi sanly ulgamda alyp barýan işlerinde üstünlikli netijeler görkezýärler we tapawutlanýarlar. Mysal hökmünde, gün paneli, mio-protez, awtomatlaşdyrylan ýyladyşhana, kömekçi robot, akylly öý ulgamy, IP týuner, hyýaly tejribehana, awtoulag belgileriniň identifikasiýa​ ulgamy we uzak aralykdan dolandyryş ulgamy ýaly taslamalary getirmek bolar.

Institutymyzyň Ýaş alymlar geňeşiniň döreden taslamasy : Mio-protez barada aýdanymyzda,

Mio-protez

Fiziki çäklendirilen adamlar öň aňsatlyk bilen ýerine ýetirýän hereketlerini gaýtalap bilmeýärler we şu sebäpli durmuşda uly kynçylyklar bilen garşylaşýarlar. Adam elini  ýa-da aýagyny ýitirmegi bilen diňe fiziki taýdan çäklenenokda eýsem psihiki taýdan hem uly zyýan görýär. Her bir fiziki çäklendirilen adamlaryň ýetmeýän bölegini doldyrmak şeýle hem ol bölegiň funksionallygyny dikeltmek örän wajyp mesele bolup durýar. Bu meseläniň çözgüdi hökmünde hem mio – protez hödürlenilýär. Bu protez adam eliniň dürli hereketlerini gaýtalamaga ukyplydyr we şunuň esasynda ýitirilen böleginiň öwezini dolyp, hassanyň durmuşyny bir näçe esse ýeňilleşdirýär. Bu protezlar her bir mätäç bolan adamyň şikes derejesi göz öňüne alnyp, birnäçe barlaglaryň we ölçegleriň netijesinde öndürilýärler. Sebäbi protez adamyň biologiki eliniň, hem estetika hem mehanika nukdaý nazardan ornyny tutmagy üçin öndürilýändir we her bir adamyň öz indiwidual tapawutlylygy bardyr.

Türkmenistanda ilkinji gezek şikes alan adamlaryň şikeslerini göz öňünde tutup, mio- protezlary işläp taýýarlamagyň tehnologiki zynjyry düzüldi. Hödürlenen tehnologiki zynjyryň esasynda protezlaryň şikese baglylykda 3D modelini işläp taýýarlamak, protezyň materialyny adam organizmine zyýansyz bolmaklygyny üpjün etmek. Protezyň etmeli hereketleriniň mehaniki düzüji bölekleriniň hasaplamalarynyň geçirilmeginiň şeýle hem bu hereketleri dolandyrmak üçin kontrolleri saýlap almak we integral shemanyň topologiýasyny işläp taýýarlamagyň  nusgasy görkezildi, degişli programma üpçünçiligi ýazyldy.

Abraýew Kuwwat
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok