Ruhy hazyna

Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda : “Türkmeniň kitaba , paýhas – parasata goýýan hormaty bellenmäge mynasypdyr. Bu barada akyldar Magtymguly Pyragy: “Kitap okan gullar manydasn dokdur.” diýýär. Çünki kitap okaýan adamyň ýüregi mähir – muhabbetden , köňli ynsanperwerlikden doly bolýar.

Kitap ähmiýeti ýitmeýän , pähim- paýhas çeşmesi hasaplanýar.Onuň dünýäsine aralaşmak täsin hem gyzykly.Durmuşda her bir okan kitabyň gözýetimiňi giňeldýär , köp zatlara akyl ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda – Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň çapdan çykarýan ýokary hilli kitaplarynyň sany barha artýar.Hormatly arkadagymyzyň agramly eserleri diňe edebiýaty söýijileriň ellerinde bolman , eýsem her bir türkmen ojagynyň genji- hazynasyna öwrülýär. Mundan başga-da ajaýyp eserler , okuw kitaplary ýurdumyzyň okuw jaýlarynyň hem baýlygydyr.Olar Türkmen oba hojalyk uniwersitetimiziň kitaphanasynyň hem tekjelerini bezäp , okyjylarymyzyň söýgüli neşirlerine öwrüldi.

“Kitap döwrümiziň aýnasydyr” diýilýär. Berkarar ýurdumyzda halkyň ruhy hazynasy bolan ýokary hilli , dürli ugurlara degişli kitaplary neşir etmek işiniň oňat ýola goýulýandygy bu pudaga döwletimiz tarapyndan uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär. Mazmun taýdan dürli-dürli , çeperçilik , bezeg babatda dünýä ülňülerine çalt edilip durulmagy halkymyz üçin buýsançlydyr. Aýdylşy ýaly , bu ajaýyp kitaplar ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli okyjylar köpçüligi , şol sanda çagalar baglaryndaky körpelerden başlap , okuwçylar , talyplar , mugallymlar , ähli bilim işgärleri hem-de beýleki hünarlerde işleýän raýatlar üçin bahasyna ýetip bolmajak ummansyz hazynadyr.

Hormatly Prezidentimiz: “Kitap adamzadyň köňül nagşydyr ,ol medeni gymmatlyk hökmunde ruhy baýlyga öwrülip , adamlaryň ýüreklerine ýol salyp bilýär” diýip belleýär. Hut şonuň üçin hem kitaplary okamak , ylym-bilimimizi has-da artdyryp , gözýetimimizi giňeltmek biziň üçin wajyp wezipeleriň biri bolup durýar.

Ýurdumyzda neşir edilýän kitaplar halkymyzy , esasan hem mugallymlary we talyp ýaşlary aýratyn begendirýär , buýsandyrýar.Ol biziň her birimiziň durmuşymyzda ýan kitabymyzdyr Milli liderimiziň eserleri okyjylara has güýçli täsir edýär , okamaga , öwrenmäge , döretmäge ruhlandyrýar. Ene topragmyza , ata Watanymyza , mahriban halkymyza bolan söýgümizi gurşalandyrýar. Gahryman arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan döreýän kitaplar biziň üçin hakyky ruhy gollanmadyr. Eziz Arkadagymyzyň “Ösüşiň täze belentliklerine tarap” , “Garaşsyzlyga guwanmak Watany , Halky söýmek bagtdyr” , “Türkmenistan- sagdynlygyň we ruhybelentligiň ýurdy” we beýleki eserleri bahasyna ýetip bolmajak hazynadyr. Bu eserler bize her ädimde , her meselede uly hemaýat berýär , dünýägaraýyşymyzy giňeldýär. Milli Liderimiziň şeýle ajaýyp eserleriniň biri-de “Bilim – bagtyýarlyk , ruhubelentlik , rowaçlyk” atly ajaýyp kitabydyr. Bizi begendirýän ýagdaý bu kitabyň mazmunynyň ylym – bilim barada bolmagydyr , Çünki mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň esasy maksady ylym – bilim baradaky dürdäne sözleri ürç edip okap , olardaky öwut-ündewlerin manysyna düşinip , öz durmuşymyza ginden ornaşdyrmak bolup durýar.Arkadagymyzyň “Türkmenistan –Beýik ýüpek ýolynyň ýüregidir” atly kitabynda irki döwürlerde Beýik ýüpek ýolynyň ugrunda ýerleşýän döwletleriň arasynda söwda- satyk gatnaşyklarynyň bolandygy ýokary çeperçilik bilen beýan edilipdir. Bu gatnaşyklar bolsa şol döwletleriň arasynda medeni , ylmy , ynsanperwer we beýleki gatnaşyklaryň amala aşyrylyp , döwletleriň arasyndaky dostlugyň has-da berkemeginde bahasyna ýetip bolmajak şertdir.Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramyna Gahryman Arkadagymyz “ Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabyny sowgat berdi. Bu kitapda gadymy döwürlerden gelip , türkmeniň ganyna siňen agzybiplik , ylymly –bilimli bolmak , ynsaplylyk , myhmansöýerlik ýaly mukaddes düşünjeler barada gürrüň edilýär.

Şeýle ajaýyp kitaplar ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly-bilimli , ýokary ahlakly bolmaklaryna we olaryň durmuşdaky mynasyp orunlaryny eýelemekligine öz ägirt uly täsirini ýetirýär. Şonuň üçin hem biz milli Lidermiziň bu ajaýyp kitabyny biz mugallymlara , talyp ýaşlara edilen uly sowgat diýip hasaplaýarys we mähriban Prezidentimize tükeniksiz alkyş aýdýars.Milli Liderimiziň manyly ,pähim –parasata ýugrulan jümleleri özünde jemleýän ajaýyp kitaplarynyň höwri köp bolsun.

Muhammetgeldi Çopanow ,
S .A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy , tehniki ylymlarynyň kandidaty

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok