1-nji ýyl talyplarynyň sport spartakiadasy geçirilýär

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi tarapyndan bedenterbiýäni we sporty ösdürmek hem-de wagyz etmek maksady bilen biziň uniwersitetimiziň 1-nji ýyl talyplarynyň arasynda 2020-nji ýylyň 1-21-nji oktýabry aralygynda fakultetara sport spartakiadasy geçirilýär. Bu sport spartakiadasynda talyplyk döwrüne täze gadam basan 1-nji ýyl talyp oglanlar we gyzlar sportyň kiçi futbol, küşt, düzzüm, sambo, dzýudo, stoluň üstünde oýnalýan tennis, tennis, erkin göreş, milli göreş, ýeňil atletika, woleýbol, basketbol, gandbol görnüşleri boýunça güýç synanyşarlar.

Bu sport spartakiadasynda talyplar özleriniň başarnyklaryny, ussatlygyny görkezmek üçin elinde baryny edýärler. Öz deň-duşlarynyň goldamagynda bu spartakiada örän gyzgalaňly ýagdaýda geçýär. Bu geçirilýän sport ýaryşlaryň netijesinde ýeňijilere hormat hatlary we sylaglar gowşyrylar. Sport bilen meşgullanmaga uniwersitetde sportyň dürli görnüşleri boýunça hereket edýän gurnaklarda türgenleşiklerini alyp barmaga, talyplar üçin hemme mümkinçilikler döredilendir.

Uniwersitetimizde hereket edýän “Hasyl” futbol toparynyň ýurdymyzyň milli çempionatynyň 1-nji ligasynyň Aşgabat ýaryş zolagynda öňdäki hatarlarda barýandygyny hem ýeri gelende belläp geçmelidiris.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde bedenterbiýäni we sporty ösdürmek maksady bilen, talyplaryň arasynda yzygiderli sportyň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler alnyp barylýar.

Agajan Ataýew
S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň  uly mugallymy;

Nurýagdyýew Myrat
S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Bedenterbiýe kafedrasynyň müdiri
.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok