Türkmenistanda täze hokkeý çempionaty oktýabr aýynyň ahyrynda başlanar

Oktýabr aýynyň ahyrynda Aşgabadyň buzly meýdançalarynda — Gyşky sport toplumynda we «Galkan» sport merkezinde 2020—2021-nji ýylyň möwsümine, Türkmenistanyň 8-nji hokkeý çempionatyna başlamak meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasynyň başlygy Jora Hudayberdýew «Bitarap Türkmenistan» gazetine beren beýanatynda mälim etdi.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» hokkeý kluby bu ýaryşda yzly-yzyna ýedi gezek altyn medal gazanypdylar, indi bolsa sekizinji çempionlygy maksat edinýärler. Ýöne beýleki toparlaryň hem munuň bilen ylalaşasy gelenok. Şonuň üçin öňdäki orun ugrunda ýiti göreşiň bolmagyna garaşylýar.   

Şeýlelik-de, «Galkanyň» esasy bäsdeşleri — «Şir» we «Oguzhan» Türkmenistanyň çempionatynda baýrakly orunlara ymtylýarlar. «Watançy» hem bu möwsümde beýleki türkmen klublarynyň oýunçylary bilen düzümini güýçlendirdi. Öňünden aýdyp bolmajak toparlaryň biri, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň sport mekdebiniň «Bürgütden» hem tama uly. «Merdana» topary hem ýurduň esasy hokkeý ýaryşlaryna gatnaşyjylaryň hataryna dolanyp geldi. Ýurdumyzyň ýedi gezek çempionynyň ikinji düzümi bolan — «Galkan-2» hem çempionatda güýjüni synap görer.

Türkmenistanyň hokkeý çempionatyna ýurduň dürli ministrlikleriniň, edaralarynyň professional klublary gatnaşýar. Duşuşyklar Aşgabatda geçirilýär. Ýaryşyň ilkinji möwsümi 2013/2014-nji ýylda geçirilipdi.

Ýagşymyrat Artykow,
TOHU-nyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok