Türkmen atlary Eýranda geçirilen festiwala gatnaşdy

Tehrantimes.com-yň habaryna görä, Eýranyň Golestan welaýatynyň Aliabad-e-Katul şäherinde arassa türkmen tohum atlarynyň 100-e golaýy agrosyýahatçylygy ösdürmek we Golestana syýahat etmek maksady bilen geçirilen atçylyk festiwalyna gatnaşdy.

Festiwala Golestan, Tähran, Demirgazyk Horasan we Horasan Razawi welaýatlarynyň atçylyk hojalyklarynyň eýeleri we tälimçiler gatnaşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmen bedewleri çydamlylygy, gaýduwsyzlygy, çeýeligi bilen tapawutlanýar we ýerli ýaşaýjylar şeýle atlary köpeltmegiň dünýäde iň agyr işleriň biridigine ynanýarlar.

Golestan welaýatynda 2500 töweregi taryhy we tebigy ýadygärlik bolup, olaryň arasynda ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilen kerpiçden galdyrylan, müňýyllyk taryhly Gonbad-e-Kabus aýratyn orun eýeleýär. ÝUNESKO-nyň hünärmenleriniň bellemegine görä, diň Merkezi Aziýanyň çarwa taýpalary bilen Eýranyň gadymy siwilizasiýasynyň arasyndaky medeni gatnaşyklary şaýatlyk edýär.

Gowşut Şadurdyýew,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok