Sanly bilim ulgamy kämilleşdirilýär

Ýurdumyzda kabul edilen 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda ylym-bilim ulgamynda hem, täzeçe maglumat tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy» kabul edilip, onuň durmuşa geçirilmegi bolsa, jemgyýetimiziň we döwletimiziň gülläp ösmeginiň bähbidine ykdysadyýete we beýleki ugurlara innowasion serişdeleri ornaşdyrmaga mümkinçilik berer.

Ýurdumyzyň orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde kompýuterler, multimediýa enjamlary, lingafon otaglar, internet ulgamy hereket edýär. Bu bolsa öz gezeginde birnäçe işleriň ýeňilleşmegine, wagtyň tygşytlanmagyna islendik wagtda birnäçe ugra degişli maglumatlary çalt tapmaga mümkinçilikler döredýär. Internet torunyň üsti bilen döredilen maglumat portallarynda her adam özüne gerekli maglumatlary alyp, olardan peýdalanyp bilýär. Her ýyl mekdep okuwçylarydyr talyp ýaşlar halkara internet ýaryşlarynyň birnäçesine gatnaşyp baýrakly orunlara mynasyp bolup, ýaşyl Tugumyzy belentde parlatmagy başarýarlar. Bu bolsa öz gezeginde ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmäge berilýän ünsüň has-da ýokarlanýandygyny, sanly ulgamy durmuşa ornaşdyrylmagy bilen täze zehinleriň ýüze çykýandygyna şaýatlyk edýär.

Bilşimiz ýaly, il içinde «Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen» diýen aýtgy bar. Bu aýtgyda adama bir zady müň gezek aýdyp düşündireniňden bir gezek görkezmegiň has peýdalydygy nygtalýar. Şol sebäpli ýaşlara halkara derejesinde döwrebap ylym-bilim bermekde sanly tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy netijesinde şekilli sapaklaryň guralmagy, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda internet tory arkaly uzak aralykdan teleköpri arkaly sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli geçirilýär. 

Ýurdumyzda çap edilýän gazetdir žurnallaryň elektron görnüşleriniň çykmagy, mobil tw hyzmatynyň döredilmegi bize öz mobil telefonlarymyzyň üsti bilen islendik wagtda ýurdumyzdaky we daşary ýurt habarlaryny bilmäge, dürli gepleşiklere tomaşa etmäge uly mümkinçilikler döretdi.

Seýli ARYŞOW,
Türkmenistanyň  Daşary  işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok