«Rysgal Computer» Dahua gapy gulplaryny hödürleýär

«Dahua Technology»-nyň Türkmenistandaky ýeke-täk resmi wekili «Rysgal Computer» size innowasion täzeligi — Dahua elektron ulgamynyň häzirki zaman taýdan ösen tehnologik gulpuny hödürleýär.
Dahua gulpy bilen gapyny açmagyň ýa-da ýapmagyň 4 usuly bar:
*gizlin söz – kod;
*kartoçka;
*barmak yzy;
*açary.
Dört buýrugy ýerine ýetirmek ukyby Dahua gapy gulpuny ýaňy-ýakynda çykarylan Dahua öý gepleşik enjamyna (domofon) ýakynlaşdyrýar, bu «Rysgal Computer» diapazonynda hem bar.
Kod, kartoçka we barmak yzlaryny dolandyrmak hyzmatlary elektrik usulda üpjün edilýär. Eger dürli sebäplere görä, öýde elektrik energiýasy bolmasa, gapyny ýörite açar bilen açyp we ýapyp bolýar.
Gulpuň ýene bir aýratynlygy, onuň kod böleginiň tutawajynda bolmagydyr. Koddan peýdalanmak üçin tutawajyny ýeňiljek sürtäýmeli. Şonda ýörite kod bölümi peýda bolup, soňra ýörite gizlin kody girizip, gapyny açmaly.
Giň mümkinçilikleri bolan gulplar «Rysgal Computer» hünärmenleri tarapyndan ýerinde gurnalýar.

Polat Çaryýew,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok