Türkmenistan Döwletimiz, çöllük, sähralyk, bagy-bossanlyga büre-nip..otyr. Tebigatymyzda, Köpetdagyň massiwinde uly Balkan daglarynda zirk agajy ösýär. Bu agajyň miwesi üzüm hoşasyna meňzeş, kiçi miweli hasylybolýar.
Zirk agajynyň esasy mesgeni Ahal welaýatynyň günorta böleginde hem-de Balkan welaýatynyň uly Balkan daglarynda giňden ösüp ýetişýär. Az mukdarda Köýtendagda hem ýetişýär.
Zirk agajynyň ösüşi çägeli,ownuk daşly topraklarda ösüp ýetişýär. Onuň miwesi güýz aýlarynyň ortalarynda ýygylýar. Zirk agajynyň özi pürli agaç bolman ol tikenekli bolýar.Onuň miwesi A,B,C-witaminler örän baýdyr.Onuň miwesiniň adam saglygyna täsiri gaty ýokarydyr.Ony mürepbe hem-de sok görnüşinde taýýarlap ulanylýar.Adam bedeniniň gan aýlanşyny kadalaşmagyna, bagyr, içege ýollarynyň arassalanmagyna hem-de adamyň nerw sistemasynyň kadaly işlemegine uly täsir edýär.
Il arasynda zirk agajynyň ýapragyny onuň kökini belli bir temperatura çenli gaýnadylyp sowadylyp derman görnüşinde içilýär. Sarylama sary getirme keseliniň bire-bir dermany diýip hasaplanylýar.
Zirk agajynyň miwesiniň reňki biri-birinden tapawutlanýar. Gyzylymtyl hem-de şar gara görnüşinde bolýar.
Zirk agajynyň iň köp ýaýran ýeri Ahal welaýatynyň Nohur obasynyň dag eteklerinde ösüp ýetişýär.
Onuň miwesini ýyldan-ýyla sowadyjylarda ýörite plýonkaly haltalarda saklap ulanyp bolýar.
Ilatymyzyň aglaba köpüsi bu zirk agajynyň miwesini, onuň ýapragyny, kökini dermanlyk edip ulanýarlar.
Zirk agajynyň ýene bir aýratynlygy suwada çydamly bolýar.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
Oba hojalyk uniwersitetiniň
Oba hojalyk maşynlary kafedrasynyň müdüri
Hojadurdy Hojadurdyýew
Teswirler