Akyl mekdebi (edebi terjime)

Gadym döwürlerde uzak ülkeleriň birinde akyl mekdebi bolupdyr. Ol mekdep hemmeleri haýran galdyryjy bolup, kim-de kim şol mekdebe barsa, şol ýerde akyl öwredilýär eken. Hemmeler bu habary haýran galyp aýdýardylar. Günleriň bir güni şäheriň iň baý adamlarynyň biri bu habary eşidip gülüp, ömrümde beýle gülkünç zat eşitmändim. Adam akylly bolsa, akyllydyr oňa soňundan eýe bolup bolmaz ahyryn. Bu habar hiç görülip-eşidilmedik zat diýip öz içinden hümmürdenipdir.

  Bu adam biçak baý bolupdyr, hatda islese bütin obany hem satyn alyp bilermiş.Şol sebäpli ol çagalarynyň hiç birini hem okatmandyr. Ol hemişe çagalaryna şeýle diýýär eken:
-Hudaýa şükür pulumyz kän şonda-da pulumyza pul goşmaly. Näçe köp gazansak şonçada güýçli bolarys.

Emma çagalarynyň biri kakasynyň bu aýdýanlary bilen  ylalaşmaýan eken. Ol hem hemişe kakasyna:
-Kaka, okamak nahili gowy zat.Biziň  näçe köp pulumyzyň bardygyna serediň. Emma bu pul bilen sowat-bilim satyn alyp bilmeris. Hiç kimem muny başaryp bilmez. Name üçin okamagy erbet görýärsiň?

Ol adam çagasynyň bu sözleri hakda giji-gündiz pikir edipdir. Irdene çenli: “Akyl mekdebi?, Akyl mekdebi?” diýip samyrdap çykypdyr. Ol ahyry durup bilmän kararyny berip :
-Beýle bolmaz. Bu Akyl mekdebiniň namedigini görmägä gideýin diýip, syýahata taýýarlanypdyr. Ol atyny münip ýola düşüpdir. Günler-gijeler geçip ol öz obasyndan gaýdanyna otuz iki güni geçiripdir.

Bir gün ýolda ol zordan ýöreýän garra sataşypdyr. Gojanyň gözleri kör bolupdyr. Bu adamyň bolsa oňa ýüregi agyrapdyr. Oňa tarap golaýlaşyp:
-Eý ýolagçy nirä barýaň? diýip sorapdyr.

Goja Paýtagta gitmek isleýänligini aýdypdyr. Şeýdip bu adam atyndan düşüp, gojany ata mündirip oňa kömek edipdir:
-Menem Paýtagta barýan we bir günlik ýolum galdy.Bile gürleşeris, gideris diýip ýola rowana bolýarlar. Goja atyň üstünde, adam bolsa pyýada ýöräp ahyry şähere ýetipdirler. Adam goja :
-Ine-de Paýtagta geldik bu ýerde düşüp bilersiňiz diýipdir.

Emma goja adama şeýle jogap beripdir:
-Ýagşylyk edeniňe görä soňuna çenli  et we  meni şäheriň ortasyna äkit ondan soň nirä gitseň gidiwer!

Ol adam hiç garşy çykman bolýa diýipdir. Bäş-on minutdan soň şäher meýdançasyna gelipdir.Şol wagt goja gygyryp başlapdyr:

  • Kömek ediň! Kömek ediň! Bu adam meniň atymy ogurlamak isleýär. Men görgilä kömek etjek adam ýokmy?  Meýdandaky adamlar ylgap olaryň ýanyna gelipdirler. Garry kör bolany üçin oňa rehim edipdirler we atyň hakyky eýesini günäkärläpdirler:
  • Şu ýaşa ýetip ogurlyk etmäge utanaňokmy? Özem kör adamyň atyny ogurlamaga synanşýarsyň.

Ol adam gygyryp:
-Ol ýalan sözleýär. Bu at meniňki. Men bu gojany ýoldan aldym garry halyna ýöräp ýadamasyn diýip, ýagşylyk edeýin diýdim. Men ömrümde ogurlyk edip gören adam däl. Gaýtam ol ýalan sözleýär.

Emma adamlar ony diňlemändirler aty, kör gojany we adamy göni şäher kazysynyň ýanyna äkidipdirler. Kazy ilki gojany soň bolsa  adamy diňläpdir.

Soň bolsa:
-Meniň ýanyma bir seýis we bir nalçy getiriň. Derrew gelsinler garaşýarys.

Adam bu iki kişiniň näme üçin çagyrylýandygyna düşünip bilmedi. Ol hiç kimdenem soramady. Mejbury ýagdaýda çagyrlanlara garaşmaly boldy. Az salymdan soň çagyrlanlaryň hemmesi bu ýere ýygnandylar. Kazy ýeke-ýekeden gelenleri kabul etdi. Ilki bilen seýis otaga alyndy.

Kazy ondan:
-Serediň. Bu at haýsy ýurda degişlidir? diýip sorapdyr.

Seýis oňa şeýle jogap beripdir:
-Köp synaga zerurlyk ýok. Bu at bu şäherden alynmadyk. Bu Ýitan sebitine degişli at.

Bu adam dogduk şäheriniň adyny eşdip haýran galdy.
Bu gezek Kazy nalçyny çagyryp oňa:
-Bu ata nirede nal kakylandygyny bilip bilersiňmi?
Nalçy aty azajyk gözden geçirenden soň:
-Bu at bu ýerde nallanmadyk. Ýitan sebitindäki atlar şeýle nallanýar. Bu biziňki ýaly däl diýýär.

Ol adam ýenede geň galdy. Ol öz-özüne:”Nadip bilip bilýärler?”
-Hawwa hakykaty aýdýaňyz. Bu at seniňki. Indi atyňy alyp gidip bilersiň alada etme.

Emma adam durup bilmedi we kazydan sorady:
-Şeýle işi etmek hakda nahili pikir etdiňiz? Bu adamlar bu atyň ýitan sebitine degişidigini nädip bildiler? Bularyň nähili bolup biljegini aýdyň?

Kazy gülki bilen jogap berdi:
-Men we görenleriň hemmesi, şäherdäki akyl mekdebini gutardyk. Men şol mekdepde hemme zady öwrendim. Akyl mekdebi hakykaty nirede we nahili tapmalydygyny öwredýärler.

Bu adam akyl mekdebini nämäni aňladýandygyny öwrendi. Ol tolgunyp dogduk obasy ýitana gaýdyp geldi. Maşgalasyna we dostlaryna bolup geçen zatlaryň hemmesini gürrüň berdi. Soň bolsa ähli çagalaryny bu akyl mekdebine iberdi.  Soňra adam her kimiň akyl-paýhasynyň bardygyna düşünýärdi, ýöne  ony ulanmak üçin okuwyň gerekdigine göz ýetirdi.

Türk dilinden terjime eden
Nowruz KURBANOWA,
Türkmenistanyň  Daşary  işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok