Kopengagen uniwersitetiniň alymlary Atlantik okeanynyň Demirgazygynda ýerleşýän Daniýa degişli bolan Grönland adasynyň töwereginde suwdaky gözleg işlerini geçirdiler we ol ýerde 512 ýaşyndaky akulanyň bardygyny subut etdiler.
Alymlar bu akulanyň juda garrydygyny hem-de onuň juda haýal hereket edýändigini aýdýarlar. Ýagny, bu akula sagatda 1 mil tizliginde hereket edýär. Bu bolsa adaty akulalaryň görkezijisinden düýbünden pesdir.
Bu akulanyň uzynlygy 5,5 metre barabar bolup, uzak wagtlap dowam eden barlag işlerinden soň onuň 512 ýaşyndadygy anyklandy hem-de doglanyndan bäri her ýyl 1 sm uzandygy tassyklandy.
Alymlar tarapyndan “Mele akula” diýlip atlandyrylan bu akula 5 asyr bäri ýaşap gelýär. Ýatlatsak, adaty akulalaryň ömri 132-156 ýyl aralygyndadyr. Şeýle-de, özünden kiçi ownuk balyklar bilen iýmitlenýän bu akula oňurgalylar toparynda Dünýäniň iň uzak ömürli jandary diýlip kabul edildi.
Tirkeşmyrat Ýegenýazow
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň
Žurnalistika hünäriniň talyby
Teswirler