Ygtybarly immuno-öňüni alyş çäreleri ilatyň saglygyny goramagyň kepilidir

Raýatlara lukmançylyk hyzmatlaryny etmek babatda saglygy goraýyş ulgamynda öňüni alyş çärelerini ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar.Immuno-öňüni alyş çäreleri waksinalar arkaly täsir edilýän ýokanç keseller babatynda epidemiologiýa abadançylygyny saklamagyň möhüm serişdesidir.

Ýurdumyzda keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň milli tertibine laýyklykda, jemi 14 sany kesellere garşy, ýagny wirusly gepatitiň B görnüşine, inçekesele, poliomielide, gökbogma, difteriýa, bürmä, gyzamyga, gyzylja, hapgyrtma kesellerine, gemofil ýokanjynyň B görnüşine, adamyň papilloma wirusyna, rotawirus we pnewmokokk ýokançlaryna, wirusly gepatitiň A görnüşine garşy waksinalar arkaly öňüni alyş sanjymlary geçirilýär.

Köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda ýokarda agzalan waksinalar arkaly öňüni alyp bolýan ýokanç keseller babatynda öňüni alyş sanjymlarynyň ýokary derejesi (95 göterimden gowrak) netijesinde epidemiologiýa abadançylygy üpjün edilýär.

Soňky 25 ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň üsti bilen satyn almak hyzmatlaryny üpjün etmek babatda özara düşünişmek barada Ähtnama we waksina garaşsyzlygy hakyndaky Ylalaşygyna laýyklykda ýurdumyza ýokary hilli, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan güwänamalaşdyrylan waksinalar we sanjym serişdeleri satyn alynýar.

Şu ýyl hereket edýän bäş ýyllyk maliýeleşdiriş döwrüniň möhleti tamamlanýar, şoňa görä-de, ýurdumyz 2016 — 2020-nji ýyllar aralygynda, ÝUNISEF bilen döwlet maliýe serişdeleriniň hasabyna yzygiderli sanjym serişdelerini, bir gezek ulanylýan şprisleri we howpsuzlyk gutularyny satyn alýar.

Häzirki wagtda 2015-nji ýylda taraplaryň ylalaşan we gol çeken «ÝUNISEF bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda satyn almak hyzmatlaryny üpjün etmek babatda özara düşünişmek barada Ähtnamanyň» çäklerinde 2021 — 2025-nji ýyllar üçin waksinalary we immunizasiýa üçin enjamlary satyn almagy amala aşyrmagyň meýilnamasyna gol çekildi.

Çaga dogluşynyň görkezijileri we täze sanjymlaryň girizilmegi göz öňünde tutulyp, ýokarda görkezilişi ýaly, satyn almak meýilnamasyna laýyklykda, döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän öňki döwür bilen deňeşdirilende, immunobiologik serişdeleri satyn almak üçin maliýe serişdeleri iki esse köpeldildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan sanjymlaryň doly elýeterliligini we sanjymlaryň ýokary hilli gurşawyny üpjün etmek barada edilýän aladalar Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyna goşant goşmaga we durnukly ösüş maksadyna ýetmäge mümkinçilik döreder — adamlar üçin sagdyn durmuş ýörelgesini we islendik ýaşda abadançylygy ýokarlandyrmagy üpjün eder.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok