Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işi barha kämilleşdirilýär

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işi barha kämilleşdirilýär. Bu häzirki günlerde ýükleri deslapdan deslapdan deklarirlemek ulgamynyň mümkinçilikleriniň öwrenilýänligi bilen baglanyşyklydyr.

Türkmen gümrükçileri ýükleri deslapky ýagdaýda deklarirlemek ulgamynyň (TIR-EPD) mümkinçiliklerini, ulgamy ýurdumyzyň gümrük edaralaryna ornaşdyrmagyň oňyn taraplaryny öwrenýärler.

Gullugyň resmi saýtynyň habar berşi ýaly, golaýda bu meselä bagyşlanyp, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşigi (IRU) bilen göni wideo aragatnaşyk arkaly okuw maslahaty geçirildi. Maslahata gatnaşan ýurdumyzyň gümrük gullugynyň işgärleri TIR-EPD ulgamy arkaly gümrük işini sanlylaşdyrmagyň mümkinçilikleri barada doly we giňişleýin maglumatlary aldylar.

Bilşimiz ýaly, dünýä ylmynyň häzirki ösen şertlerinde sanly ulgama geçmek her bir pudak üçin aýratyn uly ähmiýete eýedir. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna» laýyklykda, biziň ýurdumyzda bu ugurda uly işler alnyp barylýar. Bu Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işi barada aýdylanda hem şeýledir. Gullugyň işini barha kämilleşdirmek, sanly ulgama geçmek babatda yzygiderli tagallalar edilýär. Şunuň bilen baglylykda, «Bir penjire» ulgamyna geçmek boýunça meselelere uly üns berilýär. Bu taslamanyň üstünde BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (UNDP) hem-de Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasy (UNCTAD) bilen ýakyn hyzmatdaşlyk alnyp barylýandygyny bellemek bolar.

Babamurat Jumaýew,
TOHU-nyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok