Türkmenistana getirilýän awtoulag serişdeleri üçin ýeke-täk nyrh giriziler

«Lapis Lazuli» we Aşgabat Ylalaşyklaryna laýyklykda, daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistana gelýän hem-de onuň çäginden üstaşyr geçýän awtoulag tirkegleriniň we ýarym tirkegleriniň eýelerinden alynýan tölegleriň möçberlerini kesgitlemek işleri geçirilýär. Türkmenistanyň çäk taýdan amatly ýerleşmegi Ýewraziýanyň möhüm ulag-üstaşyr halkasy hökmünde onuň barha artýan derejesini kesgitleýär. Ýurdumyz bu ulgamda bar bolan ägirt uly kuwwaty doly amala aşyrmaga gyzyklanma bildirip, sebit hem-de yklym ähmiýetli logistiki mümkinçilikleri peýdalanmak üçin amatly şertleri döredýär.

Daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistana gelýän we onuň çäginden üstaşyr geçýän awtoulag serişdeleriniň we motosiklleriniň eýelerinden alynýan ýygymlaryň hem-de tölegleriň möçberlerini seljermek boýunça Pudagara topar döredildi. Bu barada wise-premýer B.Öwezow Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi.

Bellenilişi ýaly, Pudagara toparyň ikinji mejlisinde ýurdumyza gelýän awtoulag serişdeleri üçin ýeke-täk nyrhy girizmek hem-de awtoulag tirkegleriniň we ýarym tirkegleriň eýelerinden alynýan ýygymlaryň möçberine seljerme işlerini geçirmek teklip edildi.

Ýagşymyrat Araznazarow,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok