Türkmenistan Ýewropada galan raýatlaryny Watanymyza getirýär

9-njy oktýabrda «Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasy koronawirus ýokançlygynyň ýaýramagy sebäpli Ýewropa Bileleşigine girýän dürli ýurtlarda galan 100 raýatyny öz watanyna gaýtaryp getirmek maksady bilen, Mýunhenden ýörite uçuş amala aşyrar. Bu ýörite uçuş Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgüdi esasynda amala aşyrylar.

Türkmenabadyň halkara howa menziliniň maglumat gullugynyň habaryna görä, Türkmenistanyň raýatlaryny alyp gaýdýan ýörite uçuş ýerli wagt bilen sagat 14:00-da (Aşgabat) Mýunheniň howa menzilinden uçmaly. Uçar ýerli wagt bilen sagat 22:30-da Türkmenabadyň halkara howa menziline gelýär. Gelýänleriň hemmesi hökmany iki hepdelik karantini geçerler.

Awgust aýyndan bäri Hindistanda, Belarusda, Russiýada we Türkiýede galan ildeşlerimiziň «Türkmenhowaýollarynyň» ýörite çarter uçarlary bilen Watanymyza gaýtarylyp getirilendigini ýatladýarys.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok