«Rysgal» banky müşderilerine täze «Internet-banking» hyzmatyny hödürleýär

«Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky müşderilerine täze «Internet-banking» hyzmatyny hödürleýär. «Internet-banking» hyzmatyny birikdirmek arkaly, siz banka barmazdan, kompýuterleriň we mobil enjamlaryň üsti bilen aşakdaky hyzmatlardan peýdalanyp bilersiňiz:

— müşderiniň öz hasaplarynyň arasynda pul serişdelerini geçirmek;

— bankyň müşderilerine, şeýle hem beýleki banklaryň müşderilerine tölegleri geçirmek;

— adatça, köp ulanylýan töleg tabşyryklarynyň görnüşleriniň nusgasyny hem-de şol nusgalaryň esasynda täze töleg tabşyryklaryny döretmek;

— işleşýän taraplaryňyzyň atlarynyň, salgylarynyň, hasaplarynyň maglumatnamasyny ýöretmek;

— müşderiniň öz hasaplary boýunça galyndylaryny we hereketlerini görmek hem-de çap etmek;

— karzlaryň we depozitleriň töleg tertibini görmek;

— bank tarapyndan iberilýän habarnamalary almak;

— bank bilen habarlaşmak, sorag-jogap alyşmak;

— daşary ýurt pullarynyň hümmetini bilmek.

«Internet-banking» hyzmatyndan peýdalanmagyň şertleri:

— bankyň müşderisi bolmaly;

— bankyň resmi saýtynda (www.rysgalbank.com.tm) ýerleşdirilen «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynda ýuridik şahslara we hususy telekeçilere menzilara bank hyzmatlaryny bermek hakyndaky düzgünnama bilen tanyşmaly we degişli formany dolduryp (arzanyň görnüşi Word formatda bankyň saýtynda ýerleşdirilen), banka tabşyrmaly.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 96-46-96.

Giňişleýin maglumat bankyň internet sahypasynda ýerleşdirilendir: www.rysgalbank.com.tm

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok