Ýurdumyzyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Hatyra gününe bagyşlanyp, «Öten-geçenleri ýatlap» ady bilen guralan sergide halypa suratkeşleriň eserleri uly orun tutýar. Aşgabat ýertitremesinde bolan wakalary beýan edýän eserler suratkeşleriň öz gözleri bilen gören hem-de eşiden wakalary esasynda döredilipdir.
Halypa suratkeş Annamämmet Hojanyýazowyň 1990-njy ýylda döreden «Betbagtçylyk» atly eserinde gujagy çagaly enäniň tebigy apatdan halas bolmak üçin göreşýän pursady görkezilipdir. Sergide nakgaş eserleri bilen birlikde, halypa heýkeltaraşlardan Juma Jumadurdynyň, Artyknazar Meredowyň, Agameret Garaýewiň döreden heýkel eserleri hem mynasyp orun eýeleýär.
Mekan Annamyradow,
TOHU-nyň talyby.
Teswirler