Dünýä belli «John Deere» kompaniýasynyň hünärmenleriniň bellemegine görä, oba hojalyk tehnikalaryny öndüriji kompaniýalar hem ýokary innowasiýaly tehnologiýalary öndürmek bäsleşiginde yza galmakçy däl. Norwegiýa döwletinde geçen sergide hödürlenen elektrik energiýasy bilen işleýän sürüjisiz traktor geljekde köp zada bizi umytlandyrýar diýip, kompaniýanyň wekilleri belläp geçdiler. Bu traktorda 500 kilowatt sygymlylyk mukdaryndaky batareýa oturdyldy. Geljekde bu sygymlylygy 1 megawatt çenli ýetirmeklik meýilleşdirilýär. Bu traktor oba hojalyk ulgamynda ýönekeý robotlara garanda, has köp zady wada berip biler. Munda doly elektrikleşdirilmek, emeli intellekt, doly awtomatlaşdyrylyş we özbaşdaklyk ýaly ugurlar esasy orny eýeleýär. Esasy bellemeli zatlaryň biri hem geljegiň maşynlaryny bir gözegçilik nokadyndan bir adam dolandyryp biler.
Maýsa Goýmadowa,
TOHU-nyň talyby.
Teswirler