Hatyra güni mynasybetli sergi guraldy

Hatyra güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde guralan sergi «Mukaddes hakyda» diýlip atlandyryldy. Türkmen zergärleriniň ýasan ajaýyp eserleri sergä özboluşly bezeg beripdir. Sergide Aşgabat şäheriniň 1948-nji ýylyň ýertitremesinden öňki keşbiniň fotosuratlary bilen birlikde, tebigy apatdan soňky pursatlary beýan edýän fotosuratlar hem görkezilýär.

Serginiň esasy bezegi bolsa bagtyýarlyk döwrümizdäki ajaýyp ösüşleriň beýanydyr. Paýtagtymyzyň belent binalary, seýilgähleri, ýadygärlikleri, fotosuratlaryň hem-de sowgatlyk eserleriň üsti bilen serginiň esasy mazmunyny düzýär.

Serdar Agaýew,
TOHU-nyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok