Döwrebap ýyladyşhana

Biziň S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde geçen okuw ýylynda Toprakly we topraksyz ýyladyşhana gurulup ulanylmaga berildi. Ýyladyşhana häzirki zaman tehnika gurluşlary bilen enjamlaşdyrylan. Bu ýerdäki tehnika gurluşlar el bilen hem awtomat enjamlar arkaly dolandyrylýar.

2-nji surat. Awtomatik dolandyryjy we komanda beriji kompýuter.

Men şu makalamda ýyladyşhanamyzdaky işleriň elektrikleşdirilişi we awtomatlaşdyrylyşy barada gürrüň bermekçi.
Ýyladyşhananyň elektrik energiýa bilen üpjün bölüminde daşky transformatordan gelýän elektrik energiýa ýyladyşhana paýlanylýar. Bu bölümde kuwwaty 40KWt bolan dizel generatory oturdylan. Bu generator transformatordan gelýän elektrik energiýasy kesilen wagty awtomat usulda işe girýär we daşky elektrik energiýasy gelýänça ýyladyşhanany doly elektrik energiýasy bilen üpjin edýär. Haçanda daşky elektrik energiýasy berlen soň generator 5 minutlap işleýär we soňra awtomat ýagdaýda işden çykýar.

4-nji surat. Dökünleri garyjy we paýlaýjy gaplaryny suw bilen
üpjin edýän suw nasosy.

Ýyladyşhananyň awtomat bölüminde ýerleşdirilen enjamlar kompýuter arkaly dolandyrylýar. Bölümdäki işler el bilen hem dolandyryp bolýar. Awtomat dolandyryjylar kompýuteriň kömegi bilen her enjamy öz wagtynda işe girizilýär.

6-njy surat. Howa bilen suwy garyp tozan gornüşinde çyglandyryjy

Dökünleri garýan we paýlaýan bölüminde dürli dökünler suw bilen garylyp ýyladyşhanadaky 2 sany toprakly we 4 sany topraksyz şertlerde ekinleriň ösdürilip ýetişdirilýän bölümlerinde her ekine degişli dökünler öz wagtynda we gerekli mukdarda awtomat usul bilen paýlaýar.

7-nji surat. Ýyladyşhanany suw bilen üpjin ediji bölüm
8-nji surat. Ýyladyşhanany ýyladyjy (kotelniý).

Ýyladyşhananyň çyglylygy peselen wagtynda çyglylygy ölçeýji abzal ýörite kompýutere çyglylygyň peselendigini habar berýär. Kompýuter öz nobatynda bu habary uly basyşly howa bilen suwy garyp sepýän gurluşa ýetirýär. Ol awtomat gurluş suwy howa bilen garyp tozan görnüşinde suw sepeläp başlaýar. Çyglylyk talap edilýän derejä ýetende çyglylygy ölçeýji abzal kompýutere habar berilip gurluşy awtomat ýagdaýda togtadýar.
Ýyladyşhanany suw bilen üpjün ediji bölüm ýyladyşhanadaky ähli suw talap edilýän bölümleri, ýagny dökünleri garyjy we paýlaýjy, çyglandyryjy, ýyladyşhahanyň ýyladyş bölümini we ýyladyşhananyň sowadyş bölümlerini suw bilen doly üpjün edýär.

9-njy surat. Diwarda ýerleşdirilen wentilýatorlar
10-njy surat. Asma görnüşde ýerleşdirilen wentilýatorlar
11-nji surat. Günüň ýagtylygyny sazlaýjy perde

Ýyladyşhanany ýylylyk bilen üpjün ediji bölüm gyş paslynda ýa-da howanyň sowuk wagtlary ekinleri sowukdan goraýar we onuň içki tempraturasyny sazlaýar. Tempraturany ölçeji we kompýutere habar beriji abzalyň kömegi bilen ýyladyşhananyň içgi howa şertlerine gözegçilik edilýär. Bu bölümde kuwwaty 550 Wt bolan üçfazaly gysga birleşdirilen rotorly asinhron elektrodwigatel ulanylýar.

12-nji surat. Kuwwaty 550 Wt bolan elekrto dwigatel we reduktor
13-nji surat. Salkynladyjy radiator

Sowadyjy we howa çalşyryjy (wentilýasion) gurluşlar. Bu gurluşlar ýyladyşhananyň 6 sany ýagny 2 sany toprakly we 4 sany topraksyz şertlerde ekinleri ösdürip ýetişdirilýän bölümlerinde ýerleşdirilendir. Olar iki görnüşde ýagny birinjisi diwardaky görnüşleri (9-njy surat), ikinjisi asma görnüşinde (10-njy surat) bolup, hersi öz wagtynda kompýuter arkaly işlerini awtomatiki ýagdaýda ýerine ýetirýärler. Eger-de gerek bolsa bu wentilýatorlary el bilen hem işledip bolýar. Diwardaky gönüşiniň edýan işi ýyladyşhananyň içindaki howany çalşyp, ýyladyşhananyň içini salkynladýar. Asma görnüşi bolsa ýyladyşhananyň merkezinde ýyrleşdirilip, ol içindaki howany daşyna çykarmak üçin diwarda ýerleşdirilen wentilýatorlary ýardam edýär.

14-nji surat. Kuwwaty 550 Wt bolan elekrto dwigatele
birikdirilen suw nasosy.
15-nji surat. Lýuminisset çyralar

Bu ýyladyşhanada has hem haýran ediji bölüminiň biri hem günden düşýän ýagtylygy sazlaýjy perdelerdir (11-nji surat). Bu perdeler kuwwaty 550 Wt bolan üçfazaly gysga birleşdirilen rotorly asinhron elektro dwigatel (12-nji surat) arkaly işi ýerini ýetirýär. Bu perdeleriň wajyplygy günden düşýän ýagtylygy sazlamak üçindir. Ol perdeler günüň düşüşine görä kompýuter arkaly awtomatiki dolandyrlýandyr. Eger-de gerek bolsa bu perdeleri el bilen hem dolandyrsa bolýar.

16-njy surat. Ekinle dürli şöhle beriji çyra

Sowadyjy guluş. Bu gurluş tomus gunleri ýyladyşhananyň içini salkyn saklamak üçin niýetlenen radiator (13-nji surat). Ol kuwwaty 550 Wt bolan üçfazaly gysga birleşdirilen rotorly asinhron elektro dwigatele birikdirilen suw nasosynyň komegi bilen (14-nji surat) ütünden suw aýlanýar hem-de şol wagt wentilýatorlar radiatordan howa çekip, ýyladyşhanany salkyn saklamaga kömek edýerler.

17-nji surat. Gapy açylanda wetilýatorlary işe giriziji rele

Bu ýyladyşhanada howanyň garaňky wagtlary we giýjelerine işleri gündizki ýaly alyp barmak üçin ýyladyşhana doly ýagtylayk bilen üpjin edilendir. Bu ýagtylyk çyralary lýuminisset çyralar bolup, (15-nji surat) olar howpsuz we ömri uzak çyralardyr. Bu çyralardan başgada ekinleri dürli şöhleler bilen şöhlelendiriji çyralar hem ornaşdyrylandyr (16-njy surat).

Ýyladyşhananyň girelgesinde gurnalan wentilýasion gurluş. Bu gurluş gapy açylanda wentilýatorlary işe giriziji releden (17-nji surat) hem-de gapynyň sag we çep tarapynda ýerleşdirilen wentilýatordan (18-nji surat) ybaratdyr. Bu wentilýatoryň wajyplygy daşarky howanyň ýyladyşhana girmezligini üpjin edýär. Sebäbi gyş gunleri daşary sowuk bolýar bu sowuk howa ýyladyşhana girse ýyladyşhananyň içki tempraturasynyň üýtgemegine getirýär.

Ýokarda beýan edilen bölümleriňsuratlary goşmaçada görkezilýär.

MYRAT DURDYÝEW
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň

Oba hojalygyny elektrikleşdirmek we awtomatlaşdyrmak
kafedrasynyň müdiri

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok