Dokma senagaty ösüş ýolunda

Ýurdumyzda häzirki wagtda dokma pudagynda 85 kärhana hereket edip, 63-si önümçilik, 15-si bolsa bilelikdäki kärhanalar bolup hyzmat edýär. Şeýlelikde, bu kärhanalarda garyşyk ýüplükleriň we ýokary hilli nah matalaryň, taýýar sütükli, tikin we jinsi önümleriniň önümçiligi ýola goýuldy.

Mundan başga-da, Şanly Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmahyzmat» kärhanasynyň binýadynda «Nusaý», «Gala», «Altyn asyr çagalar dünýäsi», «TG aýakgaplar», «Bürgüt» atly birnäçe täze dükanlaryň açylyp ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamalarynyň biridir.

Hudaýberdiýew AÝMYRAT
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok