D.Porýe bilen K.Makgregoryň jogap duşuşygyna garaşylýar

«UFC»-niň amerikaly agzasy Dastin Porýe irlandiýaly Konor Makgregor bilen jogap duşuşygyna çykmaga razylygyny mälim etdi. Bu jogap duşuşygy amala aşyrylan ýagdaýynda köp adama peýda getirer – diýip, 31 ýaşly Porýe irlandiýaly türgeniň çagyryşyna ýazmaça jogap berdi. Porýe we Konor 2014-nji ýylda hem oktagonda duşuşypdylar. Şol duşuşyk Makgregoryň peýdasyna tamamlanypdy. Makgregoryň 2020-nji ýylyň tomsunda üçünji gezek söweş sungatlarynyň garyşyk görnüşi boýunça karýerasyny tamamlaýandygyny mälim edendigini ýatladýarys. Käbir internet sahypalarynda bolsa onuň Menni Pakýaonyň garşysyna ringe çykjakdygy habar berilýär.

Ýagşymyrat Myradow,
TOHU-nyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok