Aşgabat, 5-nji oktýabr, 2020-nji ýyl – Şu gün ÝUNISEF we Türkmenistanyň hökümeti 83 million ABŞ dollarlyk bolan bäş ýyllyk waksinalary we immunizasiýa enjamlaryny satyn almagyň Meýilnamasyna gol çekdiler. 2021-2025 ýyllar üçin meýilnama boýunça ÝUNISEF tarapyndan Türkmenistanyň hökümetine satyn alynjak sanjymlar, çagalary waksinasiýanyň kömegi bilen öňüni alyp boljak on dört keselden gorar we Türkmenistanyň immunizasiýa maksatnamasynyň dowamlylygyny üpjün eder.
ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Kristin Weýgand: “Men Türkmenistanyň hökümetiniň çagalaryň abadançylygy we ilatyň saglygy üçin möhüm ähmiýete eýe bolan immunizasiýa derejesini ösdürmek üçin edýän tagallalaryna ýokary baha berýärin” – diýip aýtdy. “Biz hökümetiň ÝUNISEF-i ýokary hilli waksinalary we immunizasiýa enjamlaryny satyn almakda ileri tutýan hyzmatdaş hökmünde görýändigine we pandemiýa bilen baglanyşykly global üpjünçiliginde ýüze çykýan ähli kynçylyklara garamazdan hökümete dowamly goldaw berip bilendigimize buýsanýarys,» – diýip hanym Weýgand belläp geçdi.
2006-njy ýyldan bäri sanjymlary we sanjymlar bilen baglanyşykly enjamlary satyn almak hökümet tarapyndan doly maliýeleşdirilýär we ÝUNISEF ähli satyn alyş hyzmatlaryny hödürleýär. ÝUNISEF ýokary hilli, arzan bahaly BSGG tarapyndan makullanan sanjymlarynyň, howpsuz sanjym etmek enjamlarynyň we sanjymlary belli temperaturada saklamak üçin enjamlarynyň satyn alynmagyny we ýurda iberilmegini üpjün edýär.
Waksinalar we immunizasiýa bilen baglanyşykly enjamlar üçin umumy çykdajylar 2006-njy ýyldan bäri sanjymlaryň sanawynyň giňelmegi, enjamlarynyň we logistika ulgamlaryň kämilleşdirilmegi bilen kem-kemden artdy. 2019-njy ýylda pnewmokok keseliniň, rotawirusyň we gepatit A-nyň öňüni almak üçin milli immunizasiýa meýilnamasyna ýene üç sanjym goşuldy we Türkmenistanda adaty immunizasiýa senenamasy BSGG-nyň tekliplerine doly laýyk geldi.
Köp ýurtlarda COVID-19 pandemiýasy döwründe immunizasiýa hyzmatlaryň düýpli bozulmagy, poliomielit we gyzamyk ýaly sanjymlaryň kömegi bilen öňüni alyp boljak esasy keselleriň ýaýramagyna getirdi. Türkmenistanyň hökümeti ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlykda häzirki bütindünýä pandemiýasy sebäpli gündelik sanjym çäreleriniň bozulmak töwekgelçiligini azaltmagy we immunizasiýa üpjünçiligini dowam etmegi başardy. Häzirki wagtda Türkmenistan bütindünýä COVAX merkezine gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi. COVAX bu sanjym öndüriji taraplar bilen işleşmek, dünýä ýurtlara ygtyýarnama berlenden we tassyklanandan soň COVID-19 keseline garşy howpsuz we täsirli sanjymlara deň hukukly elýeterliligi üpjün etmäge gönükdirilen bütindünýä başlangyjydyr.
.
Çeşmesi: www.unicef.org/turkmenistan
Teswirler