Ilatyň isleg bildirýän azyk önümlerini öndürmekde, bazar bolçulygyny döretmekde Sakarçäge etrabynyň «Geňeş» daýhan birleşiginiň çäginde hereket edýän «Ferhar» hojalyk jemgyýetiniň ýyladyşhanasynda birküç ýyl mundan öň türkmen topragynda henize bu güne çenli ekilip görülmedik köpýyllyk banan nahalyny ekip, hasyl almagy başaran türkmen işewürleri 1 gektar meýdany tutýan önümhanada ekilen 2 müň düýp banan agajy bol hasyla bürendi — diýip «Bereketli toprak» gazeti habar berýär.
Özümizde önýän tagamly banan miwesini jemgyýetiň zähmetsöýer işgärleri ýakynda ýetişdiren önümleriniň ýygymyna-da girişdiler. Türkmen topragynyň ýyladyşhana şertlerine sanlyja ýylda uýgunlaşan bananyň her düýbi özüniň 40-50 kilograma barabar ýetişen hasylyny eçilmek bilen eýelerini begendirdi.
Yslamberdi Gelenow,
TOHU-nyň talyby.
Teswirler