Ronaldo 450 gol geçirmegi başaran ilkinji futbolçy

Ronaldonyň futboluň taryhyndaky ornuny pugtalandyrdy. «Ýuwentusyň» hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Ýewropanyň öňdebaryjy ligalarynyň bäşliginde 450 gol geçirmegi başaran ilkinji futbolçy hökmünde hasaba alyndy.

Italiýanyň çempionatynyň ikinji tapgyrynda «Romanyň» garşysyna geçirilen duşuşykda dubl etmegiň hötdesinden gelen Ronaldo nobatdaky gezek taryha girdi.

Portugaliýaly ýyldyz 450 gezek tapawutlanmak üçin 554 duşuşyga gatnaşdy. Şolaryň 55-sine A seriada «Ýuwentusyň» düzüminde gatnaşsa, 311-sinde «Real» üçin La Ligada çykyş etdi. Onuň «Mançester Ýunaýted» üçin APL-de çykyş eden duşuşyklarynyň sany bolsa 84-e ýetýär.

Ronaldo ýakynda badalga berlen futbol möwsüminiň geçen iki duşuşygynda üç gol geçirdi. Lionel Messiniň bolsa «Barselonanyň» düzüminde geçiren 485 duşuşygynda 445 gola awtorlyk edendigini ýatladýarys.

Hatam Atamuhammedow,
TOHU-nyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok