Oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň talyplary pagta ýygym möwsüminde önümçilik tejribeligini geçýärler

Biziň babadaýhanlarymyza yzygiderli ýokary öndürijilikli tehnikalary satyn alnyp berilýar. Bu ýokary öndürijilikli tehnikalaryň ýörite okuw merkezleri biziň Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde hereket edýär. Okuw merkezlerinde bu tehnikalary öwrenmek üçin ähli şertler döredilendir, ýagny otaglarda bu tehnikalaryň asyl nusgalary, hereketlendirijileriniň kesilen nusgalary,güýç geçiriji mehanizmleriniň asyl nusgalary, traktory dolandyryjy enjamlara degişli asmaçlary hemde interraktiw tagtalar enjamlaşdyrylan.

Amerkanyň “John Deer”, Germaniýanyň “Claas’’ kompaniýasy bilen häzirki wagtda aragatnaşyk dowam edýär, ýagny kompaniýanyň hünärmenleri daşary ýurtlardan gelip, talyplar we welaýatlarymyzdaky hünärmenler bilen goşmaça okuwlar geçirýärler.

Uniwersitetimiziň oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň mugallymlary we talyplary meýilnama boýunça tejribe alyşmak maksady bilen Germaniýa we Fransiýa döwletlerinde okuw tejribeliginde bolýarlar. Ol ýerde talyplarymyz traktorlary, kombaýnlary  we oba hojalyk maşynlaryny öndürýän zawodlaryna olaryň öndürilişi we häsiýetnamalary bilen tanyşmak maksady bilen okuw saparyna gatnaşýarlar. Tehnikalaryň şaýlarynyň ýasalşyndan tä traktor bolup çykyşyna çenli tehniki yzygiderligini öwrenýärler. Ol ýerde öwrenen maglumatlaryny ýyllyk taslamalarynda, gutardyş diplom işlerinde hem ulanýarlar. Mundan daşary bu talyplar okuwlaryny tamamlap, bu tehnikalaryň giňden ulanylýan etraplardaky tehnikalara hyzmat ediş kärhanalara işe barýarlar.

Okuw merkezinde her okuw ýylynyň rejeleri boýunça sapaklar geçirilýär. Bu okuwlarda talyplara ýurdumyzyň oba hojalygynda giňden ulanylýan, soňky ylmyň gazananlary, innowasion tehnologiýaly “CLAAS” kompaniýasynyň tehnikalarynyň ähmiýeti, gurluşy we işleýşi öwredilýär. Häzirki wagtda hem ýurdumyzda John deer kompaniýanyň “John deer-9970” kysymly pagta ýygýan kombaýynlary pagta ýygym döwründe  oba hojalyk ışlerınde giňden ulanylýar, “John deer-9970” kysymly kombaýnlary pagta ýygymda özleriniň öndürijiligi, döwülmezligi, uzakömürliligi bilen özlerini diňe gowy tarapdan görkezýärler. Talyplar bu tehnikalar barada maglumatlary uly gyzyklanma bilen öwrenýärler.

John Deere 9970 kysymly pagta ýygnaýjy kombaýn

John Deer Okuw merkezinde talyplara “John deer” kompaniýasynyň pagta ýygýan kombaýnynyň gurluşy, işleýşi barada has içgin maglumatlar berilýär. Uniwersitetimiziň tejribeligine degişli okuw hojalygynda ösdürilip ýetişdirilýän gowaça hasylyny ýygnamak üçin alnyp barylýan işlerde önümçilik tejribeliklerini geçýärler. Bu tejribelikde talyplar pagta ýygýan kombaýnlary dolandyryp ýetişdirilen pagtanyň hasylyny ýygnamaga öz goşantlaryny goşýarlar. Tejribeligiň ilkinji günlerinde pagta ýygýan kombaýnlary pagta ýygymyna taýýarlamak we oňa ideg işleri bilen meşgullanýarlar. Sebäbi dürs sazlanan kombaýn iş ýüzünde öndürijiligi uly bolýar we ýitgisi az bolýar.

Talyplar gowaça ekmekden tä hasyl almaga çenli geçirilýän mehanizirlenen işlere işeňňir gatnaşýarlar we elleri bilen amal edýärler, gözleri bilen görýärler. Olar kombaýnlary dolandyrmak bilen olaryň işleýiş aýratynlygyny, gurluş aýratynlykaryny, iş ýagdaýynda sazlamagyň usullaryny, geçirilýän tehniki idegleriň gömüşlerini giňişleýin öwrenýärler.

Hemme iş abzallarynyň sazlanyşlary kombaýnyň rahat kabinasyndan, düwme we tutawaç arkaly amala aşyrylýar. Şular ýaly yzygiderlikde oba hojalyk ekinler ösdürilip ýetişdirilende möwsümleýin geçirilýän okuw hemde önümçilik tejribelikler talyplaryň ellerine alýan hünärleriniň has-da kämil hünärmenleri bolup ýetişmeklerine oňyn täsirini berýär.

Talyp ýaşlara nazaryýetde alýan bilimlerinde tehnikalaryň we ekerançylyk işleriniň sanly ulgam arkaly ýerine ýetirilşiniň doly öwredilmegi sanly ulgam boýunça dolandyrylýan “John deer” tehnikalaryny talyplaryň erkin dolandyrmaklaryna ýokary derejede şert döredýär.

Esenmyrat ŞAGULYÝEW, Abdyljelil AZYZOW
TOHU-nyň mugallymlary

Teswirler

Shaguliev

Tūweleme