Ertir 6-njy oktýabrda Türkmenistanda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolanlary hem-de 1948-nji ýylyň heläkçilikli Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlary ýatlap, Hatyra güni bellenilýär.
…Hakyda milletimiziň ýaşaýşynyň aýrylmaz ruhy bölegidir. Ol nesilleri birikdirýän berk ýörelge bolmak bilen diňe bir gözbaşlarymyzy we däp-dessurlarymyzy gorap saklamak däl, eýsem, taryhy tejribäniň esasynda milletiň täze ykbalyny, ýagty geljegini gurmaga mümkinçilik berýär. Hatyra güni milleti birleşdirýär we jebisleşdirýär.
…Wagt bizi şol gazaply günlerden barha daşlaşdyrýar, emma geljekki nesilleriň nurana geljegi üçin janyny gurban eden Watan goragçylarynyň asylly işleri hem-de olar hakyndaky hakyda hemişelik galýar.
«Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýär. Bu toplum merdana ata-babalarymyzyň baky şöhratynyň we edermenliginiň aýdyň alamaty bolup durýar. Türkmenistanlylaryň biziň parahat we bagtyýar durmuşymyz ugrunda janyny gurban edenleri sarpalamagy belent ruhly nesillerimiziň dowamatlylygyny baglanyşdyrýan ýörelge bolup durýar.
Biziň gün-günden gülleýän Diýarymyzyň häzirki wagtda ýeten derejeleri, ösüş ýolunda ýeten belent sepgitleri, halkymyzyň abadançylygy Watanymyzyň iň gowy ogullaryna mynasyp ýadygärlikdir, olar döwletimiziň kuwwatly, azat we garaşsyz bolmagyny arzuw etdiler.
Biz çuňňur hasrat bilen Aşgabat ýertitremesiniň ýüz müňlerçe şehitlerini, Gökdepe galasyny gaýduwsyz goraýjylary hem-de 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlaryny ýatlaýarys.
Her bir türkmenistanly şeýle gysga döwrüň dowamynda gözümiziň alnynda bolup geçen beýik özgerişliklere buýsanýar, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik ruhuna şatlanýar. Giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasyny amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary netijesinde, gözel paýtagtymyz Aşgabat sebitiň ykrar edilen merjen şäherine öwrüldi.
Tagangeldi Ennedow,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.
Teswirler