Akkumulýatoryň işi elektrolitiň erginine çümdirilen iki plastinanyň arasynda potensiallaryň tapawudynyň (naprýaženiýe) emele gelmegine esaslanandyr. Şu prinsipde işleýän ilkinji element 1836-1838-nji ýyllarda Daniel-Ýakobi tarapyndan döredildi. Soňra bu element kämilleşdirildi.
Ilkinji gurşunly-kislotaly akkumulýatory fransuz fizigi Gaston Plant 1859-njy ýylda oýlap tapdy. Bu akkumulýatoryň meýdany 10 m2 deň bolupdyr. Häzirki döwrüň akkumulýator batareýalary Plantyň ilkinji oýlap tapanyn akkumulýatoryndan ýüzlerçe esse kiçidir.
Akkumulýatorlar gurşunly – kislotaly we aşgarly bolýarlar. Aşgarly akkumulýator bilen deňeşdirilende kislotaly akkumulýatoryň ep-esly artykmaçlygy bardyr. Elektrik hereketlendiriji güýjüniň (e.h.g.) we peýdaly täsir koeffisiýentiniň (p.t.k.) uly derejesi, kiçi garşylygy we zarýadyň derejesini ölçemegiň mümkinçiligi onuň artykmaç taraplaydyr.
Akkumulýatoryň oňat işlemegi üçin onuň elektrolitiniň dykyzlygy tomus aýlary 1,24 g/sm3, gyş aýlary bolsa 1,28 g/sm3 bolmaly. Kä halatlarda onuň elektrolitiniň derejesiniň peselmegi onuň gaýnap buga öwrülmegi bilen baglydyr. Şonda distilirlenen (buga öwrülip arassalanan) suw guýup öňki derejesine ýetirmeli. Elektrolitiň dykyzlygyny barlamaly. Elektrolit akkumulýatoryň çaýkanmasy esasynda dökülen bolsa onda dökülen mukdaryça elektrolit guýmaly.
Tehniki howpsuzlyk düzgünleri boýunça elektrolitiň derejesiniň ep-esli peselmegine ýol berilmeli däldir. Bu partlama howpluly bolan kislorod bilen wodorodyň garyndysynyň akkumulýatoryň korpusyndaky wentilýasiýa ýerinden atmosfera düşmegi mümkin. Bu madda ot alyp agyr ýagdaýlara getirmegi mümkin.
Akkumulýatora sowugyň täsiri ýetmeli däldir. akkumulýatorda buz kristallarynyň emele gelmegi hem-de olaryň gözeneklerden iteklemegi netijesinde elektrodlarayň içindäki işjeň maddalaryň dökülmegi mümkin.
Akkumulýatoryň razrýadynyň kritiki ýagdaýa ýetmegine ýol bermeli däl. Eger ýol berilse onuň zarýadyny täzeden dikeltmek mümkin bolmaýar.
Akkumulýatoryň maksimal 5 ýyl möhletiň dowamynda gulluk etmegi üçin onuň klemmalaryny (simleri maşyna birleşdirmek üçin daşary çykýan ujy) wagtly-wagtynda tehniki wazelin çalmaly. Akkumulýator batareýalarynyň klemmalary arassalap durmaly.
Awtomobil akkumulýator batareýalarynyň konstruksiýasynyň bütinligini we umumylygyny saklaýan ýeke-täk göze görünýän element onuň korpusydyr. Akkumulýator batereýasynyň korpusyna örän ýokary we berk talap bildirilýär. Ol himiki reagentlere (himiki reaksiýada ulanylýan madda), temperaturanyň ep-esli üýtgemesine çydamly bolmaly we yrgyldamalardan we titremelerden goranyp bilmeli. Akkumulýator batereýasynyň korpusy köplenç häzirkizaman sintetiki materiallardan – polipropilenden ýasalýar.
Akkumulýator batareýalarynyň korpusy iki bölekden ybaratdyr: sygymdan we gapagyndan. Akkumulýator batareýalarynyň korpusy onuň görnüşine görä, dyky bilen beklenýän deşikli ýa-da drenaž ulgamly (batareýalaryň içinde basyşy sazlamaga kömek edýän we emele gelýän gazy daşary çykarýan).
Akkumulýator sözi diňe aýratyn alnan öýjüge degişlidir. Eger öýjükleriň sany köp bolup, olar özara birikdirilen bolsa, onda olara akkumulýator batereýasy diýlip atlandyrylmalydyr. Ýeňil maşyn üçin standart 12 W akkumulýator batareýasy özünde alty sany aýratyn akkumulýatory jemleýär. Olaryň her biri 2 W naprýaženiýe öndürýär.
Akkumulýatorda iki reagentiň özara himiki täsiri esasynda energiýa bölünip çykýar. Akkumulýator tehniki häsiýetnamasy boýunça toguň himiki çeşmesidir. Ol köp sapar ulanmaklyga niýetlenendir.
Akkumulýatoryň esasy niýetlenen wezipesi starter üsti bilen dwigateli işe girizmekdir. Şonuň üçin akkumulýatora birnäçe tehniki talaplar bildirilýär. Birinjiden akkumulýatoryň göwrümi kiçi we onuň korpusy berk bolmaly. Ikinjiden zarýad berlenden soň tiz işe girmeli. Üçünjiden içki garşylygy minimum bolup, işçi naprýaženiýesi maksimum bolmaly. Bulardan başga-da ýönekeý we ygtybarly bolmaly.
Gurşunly akkumulýatorlaryň plastinalary gurşundan guýulyp ýasalýar. Akkumulýatorda toplanan energiýanyň mukdary onuň plastinalarynyň elektrolit bilen ýapylan üstüniň ölçeglerine göni proposionaldyr. Bu üstüň meýdanyny köpeltmek üçin akkumulýatorda birnäçe položitel we otrisatel plastinalar bolýar. Ähli položitel we otrisatel plastinalar iki aýratyn ýarymbloklara ýygnalýar. Plastinalar öýjükli gözenek görnüşinde taýýarlanylýar. Öýjükler aktiw massa bilen doldurylýar. Bu bolsa plastinalaryň elektrolit bilen has oňat galtaşmagyna getirýär.
Akkumulýator ýygnananda her bir otrisatel plastinadan soň položitel plastina goýulýar. Položitel plastinalar egrelmäge ýakyn bolansoň onuň iki tarapyndan hem otrisatel plastinalar goýulýar. Şonuň üçin gurşunly akkumulýatorlarda položitel plastinalara garanyňda otrisatel plastinalaryň bir sanysy artykdyr. Plastinalaryň özara galtaşmazlygy üçin akkumulýator ýygnananda olary bir-birinden seperator-prokladka bilen aralaryny aýyrýarlar. Seperatorlar ýokary himiki durnuklylygy we mehaniki berkligi bilen tapawutlanyp, elektrolitiň plastinalara erkin geçmegini (öýjük-öýjükligi esasynda) üpjün edýär.
Tehnikanyň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly bu ýerde hem himiýa kömege ýetişdi. Sintetiki – steklowoýloçnyý we başga hili akkumulýator batareýalary döredildi. Polihlorwinil seperatorlarynda ýeterlik öýjükleriň sanyny almak üçin olarda köp sanly kiçi deşikler deşilýär. Şonuň üçin bular ýaly seperatorlara perforirlenen diýilýär. Polihlorwinil seperatorlary mikroöýjükli (prowinil) bolup bilýär.
Gurşunly akkumulýatorlarda elektrolit hökmünde distilirlenen suwaky kükürt kislotasynyň ergini hyzmat edýär. Onuň himiki formulasy H2 SO4. Kukurt kislotasynyň dykyzlygy 1,83 g/sm3,suwuňky bolsa 1 g/sm3 deňdir. Şeýlelikde elektrolitiň dykyzlygy 1,2 – 1,4 g/sm3 deň bolýar. Doly ýygnanyp elektrolit guýulan akkumulýator batareýalary zarýada goýulýar.
Akkumulýator ulanylanda himiki prosesleriň esasynda emele gelen energiýa sarp edilýär. Netijede položitel we otrisatel plastinadaky aktiw massa kükürtturşy gurşuna PbSO4, başgaça aýdanymyzda gurşunyň sulfatyna öwrülýär. Bu reaksiýalarda elektrolite goşulan suw bölünip çykýar. Şol sebäpli elektrolitiň dykyzlygy peselip başlaýar.
Akkumulýatorda razrýad başlanda onuň klemmalarynda 2,1 – 2 W naprýaženiýe bolýar. Akkumulýatoryň naprýaženiýesi ölçenilende ýükli wagtynda ölçemeli. Şonda biz onuň hakyky bahasyny bileris. Razrýad dowam etdigiçe onuň naprýaženiýesi ýuwaş-ýuwaşdan 1,8 – 1,7 W çenli peselýär. Şondan soň akkumulýatoryň razrýadyna ýol berilmeli däl. Akkumulýatoryň mundan soňky razrýady plastinalaryň sulfatasiýasy netijesinde zaýalanmagyna getirer.
Akkumulýatoryň başdaky razrýadynda gurşunyň sulfatynyň ownuk kristallary emele gelýär. Bular ýaly külke kristallar plastinanyň aktiw massasyndaky öýjükleri ýapmaýar. Şondan soň akkumulýator zarýada goýulanda položitel plastinada gurşunyň ikili okisine we otrisatel plastinada gurşunyň öýjüklerine öwrülýärler. Akkumulýatorda razrýad has uzak wagtlap dowam etdirilse, zarýad doly berilmese, elektrolit hapalansa, zarýada goýulmadyk akkumulýator uzak wagtlap saklanylsa we beýleki sebäpleriň netijesinde gurşunyň sulfaty kristallaşyp düzümi uly kristallaşmalara getirýär. Bu bolsa akkumulýator batareýasynyň elektrik toguny geçirijiligini peseldýär. Gurşun sulfatynyň uly kristallary plastinalaryň öýjüklerini dykýar. Netijede plastinalaryň aktiw massasyna elektrolitiň aralaşmagyny ýaramazlaşdyrýar. Bu akkumulýatoryň göwrümini kiçeldýär we içki garşylygyny ýokarlandyrýar.
Akkumulýator bilen işlenende tehniki howpsuzlyk düzgünleri.
Akkumulýator batareýalarynyň ýanynda açyk ýalyn ulanmak we üçgun döretmek bolmaýar.
Goşmaça akkumulýator batareýasy dakylanda «+» simi «+» sime we «-» simi
«-» sime dakmaly.
Akkumulýator batareýalarynyň klemmalaryndaky (gysgyçlaryndaky) simleri aýyrmak üçin ilki «-» simi, soňra «+» simi aýyrmaly.
Akkumulýator batareýalarynyň klemmalaryndaky (gysgyçlaryndaky) simleri birkdirmek üçin ilki «+» simi, soňra «-» simi dakmaly.
Akkumulýator batareýalary partlaýjy gazlary emele getirýär. Şonuň üçin olary uçgundan, ýalyndan we çilimden uzagrakda saklamaly.
Akkumulýator batareýalary ýapyk jaýlarda ulanylanda ýa-da zarýada goýlanda jaýy ýelejiretmeli.
Akkumulýator batareýalarynyň ýanyna çagalary goýbermek düýbünden gadagandyr.
Akkumulýator batareýalarynyň ýanynda işlenende, ahli açyk metallar naprýaženiýäniň täsirindedigini ýatdan çylarmaly däldir.
Akkumulýator batareýalarynyň klemmalarynyň (gysgyçlarynyň) üstünden metal bölekleri zyňmaly däldir. Bu uçguna, gysga utgaşma, partlama ýa-da şikese sebäp bolup biler.
Akkumulýator batareýalarynyň klemmalaryny (gysgyçlaryny) metal (simler) bilen birikdirip gysga utgaşma döremegine ýol bermeli däl.
Akkumulýator batareýalarynyň ýanynda kebşirlemek, ýonmak we çilim çekmek bolmaýar.
Awtomobiliň, traktoryň we akkumulýator batareýalary ulanylýan beýleki apparatlaryň haýsy böleginde kebşirleme işler geçirilene olardaky akkumulýator batareýalarynyň iki simi hem klemmalardan aýrylmalydyr. Bu görkezme ýerine ýetirilmese, duýgur elektrik abzallarynyň zaýalanmagyna getirer.
Akkumulýator batareýalaryndaky kislata güýçli iýiji häsiýetli bolýar. Akkumulýator batareýalaryndaky suwuklyk kükürt turşulygynyň erginidir.
Akkumulýator batareýalaryndaky kükürt kislotasynyň ergini zäherlidir. Ol derini ýakyp, geýimiňi oýup we gözüňe degse kör edip biler. Bu howplardan goranmak üçin:
1. Akkumulýatora ergini oňat ýelejeredilýän jaýlarda guýmaly.
2. Akkumulýator bilen işlenende rezin ellikli we goraýjy äýnekli işlemeli.
3. Akkumulýatora ergin guýanyňyzda bugundan dem almaly däl.
4. Akkumulýatordan erginiň dökülmegine we çaýkanmagyna ýol bermeli däl.
5. Akkumulýatoryň klemmalary birikdirilip dwigatel işe girizilende tehniki howpsuzlygy berjaý etmeli.
Eger üstüňize akkumulýatoryň ergini dökülse: 1. Erginiň dökülen ýerini suw bilen ýuwmaly. 2. Erginiň dökülen ýerine soda ýa-da hek basmaly. 3. Ergin gözüňize degse 10…15 minutlap ýuwmaly we lukmana ýüz tutmaly.
Eger akkumulýatoryň erginini ýuwutsaňyz: 1. Gaýtarjak bolmaly däl. 2. Suwy ýa-da süýdi köp içmeli, ýöne 2 litrden köp içmeli däl. 3. Magneziýa çalnan ýumurtga ýa-da çigit ýagyny içmeli. 4. Haýal etmän lukmana ýüz tutmaly.
Akkumulýator bilen işlenende seresaplygy elden bermeli däl. Akkumulýatoryň klemmalary hem-de başga bölekleri gurşundan we himiki birleşmelerden durýar. Bular düwnük keseline we önelgesizlige getirip biler. Işden soň eliňizi sabynlap oňat ýuwmaly.
Gury zarýadlanýan akkumulýator batareýalarynyň saklanyş düzgünleri. Gury zarýadlanýan akkumulýator batareýalary bu özünde elektroliti bolmadyk akkumulýatorlardyr. Onuň plastinkalary zawodda ýygnalmazdan ozal zarýadlanylýar. Olar ilki zarýada goýulýar, soňra ýuwulýar we ýyly howanyň akymy bilen guradylýar. Akkumulýator batareýalary ýygnalanda çyglygyň we howanyň täsiri astynda plastynalary dargamaz ýaly ol dykylary bilen ýapylýar.
Gury zarýadlanýan akkumulýator batareýalarynyň şu hili konstruksiýasy ony 3-5 ýyllap saklamaga mümkinçilik berýär. Elektrolit bilen doldurylyp zarýada goýulan akkumulýator batareýalaryny maksimum ýarym ýyl saklap bolýar.
Gury zarýadlanýan akkumulýator batareýalaryny saklamak üçin aýratyn şert talap edilmeýär. Onuň üçin diňe esasy bir şert ol hem Gün şöhleleri göni düşmeli däl. Dykylarynyň oňat ýapylyşyna gözegçilik etmeli. Akkumulýatoryň korpusynda jaýryk we döwük-ýenjik ýeri bolmaly däl. Bu ony uzak saklamaga hem-de elektrolit guýulandan soň çalt zarýad almaga ýardam eder.
Akkumulýatory saklamak üçin ilki onuň bilen gelen instruksiýasyny okamaly. Adaty instruksiýada akkumulýatory wertikal ýgdaýda klemmalary ýokary zawoddaky gabybilen saklamaly.
Eger elektrolit guýulan akkumulýator batareýasyny saklamaly bolsa (awtomobil remonta goýulsa ýa-da başga bir sebäp bilen ýüze çykanda) ilki bilen akkumulýatoryň ergininiň dykyzlygyny we naprýaženiýesini barlamaly. Eger dykyzlygy 1,26 g/sm3 az, naprýaženiýesi 12,6 W pes bolsa onda batareýany zarýada goýmaly we instruksiýasynda görkezilen baha ýetirmeli.
Elektrolit guýulan akkumulýator batareýalary bir sebäp bilen işledilmän durmaly bolan ýagdaýynda onuň elektrolitini dökmek gadagandyr. Akkumulýator batareýalaryny saklamak üçin onuň klemmelarynyň okislenmezligi üçin bitarap konsistensiýaly ýag çalmaly.
Möhleti dolan akkumulýator batareýalaryny umuman saklamaly däl. Ol adam saglygy üçin howplydyr. Işçi akkumulýator batareýalaryny düzgüne laýyk saklamaly, möhleti dolan köne akkumulýator batareýalaryny bolsa saklamaly däldir.
MYRAT DURDYÝEW
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Oba hojalygyny elektrikleşdirmek we awtomatlaşdyrmak
kafedrasynyň müdiri
Teswirler