«Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky «Owerdraft» karzyndan peýdalanmaga çagyrýar!

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky, «Altyn asyr» bank kartyny saklaýjy müşderilere «Owerdraft» hyzmatyny birikdirmek arkaly bankyň gysga möhletleýin karz serişdelerinden peýdalanmaga mümkinçiligiň döredilendigini bankyň resmi saýty habar berýär.

«Owerdraft» karzy söwda we hyzmat ediş nokatlarynda töleg terminallar arkaly nagt däl hasaplaşyklar geçirilende, kart hasabynyň galyndysy pese düşen halatynda awtomatiki usulda berilýän karz serişdesidir.

Hyzmata laýyklykda müşderiniň bank kart hasabyna zähmet haky geçirilenden soňra, karzyň esasy bergisi we oňa hasaplanýan göterimleri awtomatiki usulda kartyň degişli hasabyndan yzyna gaýtarylýar.

«Owerdraft» karzy hyzmatyny bir gezek birikdirip, bankyň hödürleýän gysga möhletleýin karz serişdelerinden zerurlygyna görä peýdalanyp bilersiňiz!

Oguldöndi Myradowa,
TOHU-nyň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok