“Mary deri-aýakgap” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti dörediler

Dokma senagaty ägirt uly serişde kuwwaty babatda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň gaýtadan işleýän ulgamynyň depginli ösüşiniň nusgasyna öwrüldi. Pudagyň önümçilik binýady yzygiderli kämilleşdirilýär, ýokary hilli taýýar önümleriň görnüşi yzygiderli giňeldilip, daşary ýurtly öndürijileriň önümleriniň ýerini ynamly eýeleýär diýip, döwlet Baştutanymyz 2-nji oktýabrda geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde nygtady.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine «Mary deri-aýakgap» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmäge — esaslyk maýadaky paýy 40 göterim möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar bermek hakynda Türkmenistanyň Prezidenti karara gol çekdi. Bu resminama ýurdumyzyň dokma pudagynyň öňünde duran wezipeleri netijeli amala aşyrmak, pudagyň kärhanalarynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen kabul edildi.

Aýmuhammet Çaryýew,
TOHU-nyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok