«GiperTm» — amatly we öňdebaryjy online dükany

Tehnologiýa adamyň mümkinçiliklerini şeýle bir giňeltdi welin, bu gün mundan 10-20 ýyl ozal hatda düýşümize-de girmedik zatlary aňsatlyk bilen amal edip bilýäris. Ýönekeýje mysal: indi haýsydyr bir öý goşuny ýa-da başga harydy almak üçin dükandan-dükana, bazardan-bazara aýlanyp, wagt ýitirip ýörmek gerek däl. Indi gerekli harydyňy öýde oturan ýeriňde «www.gipertm.com» internet saýty we «gipertm» mobil programmasyny arkaly saýlap, diňe saýlamagam däl, öýe çenli getirdip bolýar. Bütin dünýäde bolşy ýaly, eltip bermek hyzmaty biziň ýurdumyzda hem gerimini barha giňeldýär. Şunda müşderiler her dürli ýeňillikler bilen höweslendirilýär.

Aşgabatda hereket edýän «www.gipertm.com» internet saýty we «gipertm» mobil programmasy hem iň öňdebaryjy, amatly online dükanlaryň biridir. Bu online dükanynda müşderilere dürli harytlaryň mülerçesi hödürlenýär.

«GiperTm»-de 11 bölüm hereket edýär: iýmit önümleri, şahsy gözellik we ideg, arassaçylyk serişdeleri, hojalyk tehnika, çaga we ejeleri üçin, kompýuter tehnika, öý we ösümlik, awtoulag we motor, sowgatlyklar, ofis we iş üçin we elektronika.

«GiperTm» online dükany dürli görnüşli önümleri satyn almagyň iň amatly usulydyr. 270-den gowrak öňdebaryjy firmalaryň önümleri täze we ýokary hilli saýlanýar, hödürlenýän harytlaryň görnüşi bolsa, gaty köpdür.

Harytlary eltip bermek hyzmaty häzirki wagtda Aşgabat şäheri boýunça amala aşyrylýar. Her bir sargydyň bahasy 70 manatdan geçse, eltip bermek hyzmaty mugt amala aşyrylýar, bahasy 70 manada ýetmese, eltip bermegiň bahasy 10 manat bolar. Sargydyň görnüşi EXPRESS saýlansa, eltip bermek wagty 1 sagada çenli bolup, bahasy 20 manat bolar. Saýtdan sargyt edeniňizden soňra operator size jaň edip sargydy tassyklar. Girizen salgyňyz we telefon belgiňiz esasynda hyzmat amala aşyrylýar. Sargyt tassyklanmadyk ýagdaýynda ol hasaba alynmaýar we ýerine ýetirilmeýär. Sargydyň tassyklanmagy üçin girizen telefon belgiňizden jaň kabul edip bilýändigiňize göz ýetiriň. Şeýle hem girizen salgyňyzyň dogrulygyny barlaň.

Sagat 08:00 — 20:00 aralygynda edilen sargytlar şol gün eltilýär, sagat 20:00-dan soňky edilen sargytlar bolsa ertesi gün size gowşurylar.

Sargydy barlap alanyňyzdan soňra töleg amala aşyrylýar. Eltip berijiniň size gowşurýan töleg resminamasynda siziň tölemeli puluňyz bellenilendir. Töleg nagt görnüşde milli manatda amala aşyrylýar.

Aman Hanmyradow,
TOHU-nyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok