Bütindünýä haýwanlar güni

Ilkinji gezek Bütindünýä haýwanlar güni nemes kinology Genrih Zimmerman tarapyndan döredilip, 1925-nji ýylyň 24-nji martynda Germaniýanyň Berlin şäherinde bellenilip geçirilýär. Şeýlelikde, ilkinji gezek bellenilip geçirilýän bu sene oktýabr 4-ne geçirilip, oňa bäş müňe golaý adam gatnaşýar.

Ýagny, 4-nji oktýabrda Bütindünýä haýwanlar gününi belläp geçmek baradaky teklibi, 1931-nji ýylyň maý aýynda Italiýanyň Florensiýa şäherinde geçirilen Halkara haýwanlary goramak kongresiniň gurultaýynda karar hökmünde kabul edildi.

Bütindünýä haýwanlar gününiň bellenilmeginiň esasy maksady haýwanlary goramak, ýitip barýanlaryň sanyny artdyrmak maksady esasynda döredildi.

Oňa mysal edip, guşlaryň, ýyrtyjy we öýdeçi haýwanlary, iri şahly mallaryň sanyny hakynda birnäçe halkara guramalar netijeli işleri alyp barýar.

Şeýlelikde, Bütindünýä haýwanlar güni mynasybetli ýer ýüzüniň dürli ýerlerinden birnäçe çäreler we wagyz-nesihat işleri alnyp barylyp bu sene, birnäçe ýyl bäri bellenilip gelinýär.

Hudaýberdiýew AÝMYRAT
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

Şeýle-de okaň:
Haýwanat bagyna gezelenç
Guşlar — tebigatyň bezegi
Ekologiýa howpsuzlygy
Möjek sürüsinde önüp ösen adam
“Ahalteke atlarynyň gözelligi şekillendiriş we amaly-haşam sungatynda”
Žurnalyň täze sany çapdan çykdy
«Türkmeniň nusgalyk alabaýy» atly žurnalyň birinji sany çapdan çykdy
Alabaý itleriň tohumçylyk merkezi we ýaryş meýdançasy
Edara binasy Aşgabatda ýerleşen Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň esaslandyryjy mejlisi geçirildi

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok