Aşgabat dokma toplumynda agyz-burun örtügi öndürilýär

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ýurdumyzda soňky wagtlarda howanyň düzüminiň üýtgemegi we düzümindäki maddalaryň kadadan ýokary bolmagy bilen baglanyşykly tebigy — ekzogen täsirini peseltmek we howadaky tozan bölejikleri arkaly döräp biläýjek dürli ýokanç keselleriň öňüni almak üçin agyz-burun örtüklerinden peýdalanmagy maslahat berýär.

Ilatyň şeýle zeruryýetini göz öňünde tutup, Aşgabat dokma toplumynda agyz-burun örtügini öndürýän ýörite bölüm hereket edýär. Dokma toplumynda halkyň göwnünden turjak dürli reňklerde we şekiller berlip öndürilýän örtükleriň her günde bäş müňüsi ilata hödürlenilýär.

Bu ýerde öndürilýän önümleriň aýratynlygy olaryň flanel matasyndan öndürilýänligidir. Toplumda setin, kriton, ranfors, flanel görnüşli matalar öndürilýär. Ýöne agyz-burun örtükleri üçin flanel iň amatlysy. Sebäbi, ol tutuşlygyna pagtadan bolansoň, ýumşak we adamyň endamy üçin ýaramly bolup, uzak wagt dakynmak üçin amatly.

Agyz-burun örtüklerini biçmek, tikmek işleri toplumyň tikin bölüminde amala aşyrylandan soňra, hil barlag bölüminde ýörite serişdeler bilen arassalanyp, satuwa goýberilýär.

Agyz-burun örtügi dem alýan howamyzyň düzümini zyýanly mikroblardan saplaýan süzgüç bolup hyzmat edýär. Şu günler howanyň düzüminde ynsan saglygyna zyýan ýetirýän tozan bölejikleriniň kadadan artmagy sebäpli, agyz-burun örtüklerini ulanmak, 2 metr howpsuz araçägi saklamak maslahat berilýär. Saglygymyzy goramak biziň her birimiz üçin derwaýysdyr.

Ýolbars Baýramow,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok