Ýewropa ligasynda “Möwsümiň oýunçysy”

UEFA tarapyndan berilýän  Ýewropa ligasynda, 2019-2020-nji ýyl möwsüminiň oýunçylaryň sanawynda “Inter” toparynyň oýunçysy Romelu Lukaku 270 utuk bilen bäsdeşlerinden tapawutlanyp “Möwsümiň oýunçysy” saýlanyldy.

Şeýlelikde Ýewropa ligasynyň sanawuny yglan edýän emin agzalar, Ýewropa Sport Media topary tarapyndan saýlanan 55 sany žurnalistlerden hem-de geçen möwsümiň toparçasyndaky 48 toparyň tälimçilerinden, UEFA agza birleşiginden ybaratdyr.

UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň 2019-2020-nji ýyl möwsümiň iň gowy oýunçylarynyň 10-lugy:

  1. Romelu Lukaku (Inter) – 270 utuk
  2. Bruno Fernandes (Sporting / Mançester Ýunaýted) – 128 utuk
  3. Ewer Banega (Sewilýa) – 118 utuk
  4. Luuk de Ýong (Sewilýa) – 64 utuk
  5. Hesus Nawas (Sewilýa) – 59 utuk
  6. Lukas Okampos (Sewilýa) – 39 utuk
  7. Kaý Hawers (Lewerkuzen) – 17 utuk
  8. Diego Karlos (Sewilýa) – 9 utuk
  9. Adama Traore (Wolki) – 8 utuk
  10. Jýul Kunde (Sewilýa) – 7 utuk

Hudaýberdiýew AÝMYRAT
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok