Türkmenistanda ýene bir äpet haly dokaldy

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Serdardaky çeper haly kärhanasynyň çeper elli halyçylary ene-mamalarymyzyň äpet haly dokamak däbini dowam etdirýärler. Bu barada türkmen telewideniýesiniň «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Ýakynda kärhananyň halyçylary ak reňk çözgüdi bolan nobatdaky halyny taýýar etdiler. Ini 25 metr 60 santimetre, uzynlygy 80 metr 80 santimetre, umumy meýdany bolsa 243 kwadrat metre barabar äpet halyny dokamaga 110 halyçy gatnaşdy. Olar iş çalşygynda zähmet çekip, 4 aýyň içinde halyny dokap taýýar etdiler.

Serdaryň çeper haly kärhanasy öz äpet halylary bilen bütin dünýä bellidir. Bu ýerde 1942-nji ýylda dokalan 193 kwadrat metrlik «Türkmeniň kalby» atly äpet haly 60 ýyldan gowrak wagtlap öňdeligi elden bermän geldi.

Kärhanada dokalan ajaýyp halylar öz ölçegleri we owadanlygy bilen haýran galdyrýar. Ol tutuş ýurt boýunça köşkleriň zallaryny bezeýär. Daşary bazarlarda hem bu halylara bolan isleg barha artýar.

Gülşat Mätiýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň uly mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok