«Türkmeniň nusgalyk alabaýy» atly žurnalyň birinji sany çapdan çykdy

Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasy tarapyndan esaslandyrylan täze «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» atly žurnalyň birinji sany çapdan çykdy. Türkmen alabaýlaryny tutuş dünýäde giňden wagyz etmäge hem-de okyjylary şu ýyl döredilen we dünýäniň dürli ýurtlaryndan kinologlary öz hataryna birleşdiren assosiasiýanyň işi bilen tanyşdyrmaga ýardam etmelidir.

Täze neşiriň birinji sany milli Liderimiziň türkmen alabaýyna bagyşlanan goşgusy bilen açylýar. Žurnal Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň işgärleriniň adyndan giriş makalasy bilen dowam etdirilýär. Onda bu ulgama berýän ünsi we goldawy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda alabaýyň türkmen halkynyň durmuşynda we ykbalynda eýeleýän orny barada gürrüň berilýär. Onda köpýyllyk barlaglar, oýlanmalar, tutuş dünýäde giňden ýaýran bu gadymy tohumyň gelip çykyşy barada taryhy we edebi maglumatlar umumylaşdyrylýar. Žurnalyň sahypalarynda bu kitapdan jümleler getirilýär. Indiki makalada bolsa şol eseriň ruhy ähmiýeti babatdaky seljerme berilýär.

Milli Liderimiziň bu kitabynda diňe bir itleriň dünýädäki iň gadymy tohumlarynyň biriniň gelip çykyşy we ösüşi barada gürrüň berilmän, eýsem, ahalteke bedewi ýa-da haly ýaly, asyrlaryň jümmüşinden gelýän milli gymmatlyklar bilen bir hatarda durýan alabaýyň medeni özboluşlylygy açylyp görkezilýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, alabaýlar halk medeniýetiniň möhüm gatlagyny düzüp, türkmenleriň sazlaşyk, gözellik, maddy we ruhy gymmatlyklar baradaky düşünjelerini beýan edýän çuň manyly keşplere öwrülýär.

«Türkmeniň nusgalyk alabaýy» žurnaly hem bu giň gerimli işe saldamly goşant bolar. Onuň sahypalaryndan okyjylar baş gahryman, alabaýyň milletiň ykbalynda, halk döredijiliginde, edebiýatda, türkmenleriň filosofiýasynda eýeleýän orny barada gyzykly maglumatlary alyp bilerler. Neşir köpöwüşginli suratlar bilen bezelipdir.

Žurnal hut itşynaslyk boýunça nazaryýet we amaly bölümleri birleşdirýär. Mysal üçin, žurnalyň birinji sanynda «Türkmen alabaýyny ýetişdirmegiň halk tejribesi» atly giňişleýin makala berilýär. Onda geljekki goragçylar we kömekçiler hökmünde itleri terbiýelemek, taýýarlamak hem-de türgenleşdirmek bilen baglanyşykly däpleriň köpüsi barada gürrüň berilýär.

Idegi ýetirilen türkmen alabaýy birnäçe möjegiň hötdesinden gelmegi başarypdyr. Türkmen alabaýy ýyrtyjylaryň sürüsi bilen söweşende hem ýeňiş gazanmaga ukyplydyr. Türkmen itşynaslary tarapyndan ýetişdirilen çopan itleriniň arasynda meşhurlyga eýe bolanlary hem bar.

Žurnalyň nobatdaky makalasy «Türkmen alabaýynyň arheologiýa we etnografiýa mirasy» diýlip atlandyrylýar. Onda Türkmenistanyň çäginden tapylan we itiň bu tohumynyň gadymylygyna şaýatlyk edýän täsin tapyndylardyr gadymy gymmatlyklar hem-de ata-babalarymyzyň alabaýa aýratyn garaýşy barada gürrüň berilýär.

Biziň eýýamymyzdan ozalky V-IV müňýyllyklarda gülläp ösen Änewiň çäginde ähli dessurlar berjaý edilip jaýlanan äpet türkmen alabaýynyň galyndylary tapyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda belleýşi ýaly, itler bilen baglanyşykly arheologik tapyndylar bürünç eýýamynyň Altyndepe, Goňurdepe, Ajyguýy ýaly ýadygärliklerinde ýüze çykaryldy.

«Gadymy Merw» medeni-taryhy ýadygärlikler toplumynyň merkezinde ýerleşen Gäwürgala ýadygärliginde gazuw-agtaryş işleri geçirilende, biziň eýýamymyzyň II asyryna degişli çopan itiniň heýkeljigi tapyldy. Türkmen alabaýynyň laýdan ýasalan, biziň eýýamymyzyň VI-VII asyrlaryna degişli ýene-de bir heýkeljigi Lebap welaýatynyň Dänew etrabynda ýerleşýän Araphana ýadygärliginde ýüze çykaryldy.

Gadymy Nusaý ýadygärliginde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylan ritonlarda aw pursady şekillendirilen şekiller hem meşhurdyr. Şolary akademik M.Ý.Masson ýüze çykardy we ylym dünýäsine ýaýratdy. Akademik öz ylmy işlerinde bu jandaryň ýolbarsyňky ýaly uly penjeleri, dik göwresiniň onuň türkmen alabaýydygyna şaýatlyk edýändigini belleýär.

Žurnalda Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň işiniň kanunçylyk üpjünçiligi we ylmy-usulyýet esaslary barada-da gürrüň berilýär. Bu işiň esasy maksady milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy däpleriniň dowamatlylygyny üpjün etmekden, halk tohumçylygynyň usullaryny hem-de häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny ulanmak arkaly onuň iň gymmatly häsiýetlerini kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Şunuň bilen birlikde, halkara hyzmatdaşlara möhüm orun degişlidir. Hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy (ÝUNESKO) we beýleki abraýly iri guramalar, şol sanda bu ugurda netijeli işleri alyp barýan daşary ýurt assosiasiýalary hem-de ýuridik şahslar we dünýäniň dürli döwletlerinden hususy itşynaslar bilen uzak möhletli hyzmatdaşlyk ýola goýlar.

Geljekde ýurdumyzda maslahatlary, sergileri, türkmen alabaýlarynyň gözellik bäsleşiklerini we beýleki halkara çäreleri hem-de ylmy işleri yzygiderli geçirmek meýilleşdirilýär.

Iň möhüm zat bolsa, ol hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu täsin tohumyň naýbaşy sanyny mundan beýläk-de köpeltmek, ýaýratmak we wagyz etmek, arassalygyny saklamak, tejribe alyşmak hem-de itşynaslyk babatda netijeli halkara gatnaşyklary ýola goýmak babatynda öňde goýan wezipelerini çözmäge itergi berer — diýlip «Türkmenistan» gazetinde aýdylýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok