Traktorlar ulanylanda howpsuzlyk çäreleri

Türkmen daýhanlaryna döwletimiz tarapyndan netijeli işlemäge, toprakdan bol hasyl öndürip, bolelin durmuşda ýaşamaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Tehniki hyzmatlaryň döküniň, tohumyň, ekinleriň zyýankeşlerine garşy ulanylýan himiki serişdeleriň daýhanlara ýeňillikli bahadan berilmegi, dünýäniň ösen ýurtlarynyň kämil hem-de ýokary öndürijilikli tehnikalaryň döwlet tarapyndan yzygiderli satyn alnyp durulmagy, ekinleriň welaýatlarymyzyň toprak-howa şertlerine laýyklykda ekilmegi daýhanlara ýokary hasyl almaga mümkinçilik döredýär. Häzirki wagtda öz wagtynda ekip, ýokary hasyl almak üçin wagtly wagtynda agrotehniki çäreleri geçirmäge Hormatly Prezidentimiz tarapyndan satyn alnyp berilen traktorlaryň we beýleki oba hojalyk maşynlarynyň ekin meýdanlarynda müňlerçesi işledilýär. Bar bolan tehnikalary abat saklap, tehnikalary öndürijileriň görkezmelerine laýyklykda işletmek üçin müňlerçe mehanizatorlar zähmet çekýärler, şeýle-de özleriniň ýerine ýetirýän işleri oba hojalyk tehnikalaryň işlerine bagly bolup olaryň abat işlemegine, hem-de tehniki ideglerine ýardam etmeli bolýarlar. Hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir” – diýen ýörelgelerinden ugur alyp maşynlaryň işlemegine gatnaşýan adamlaryň ählisi üçin howpsuz işlemäge şertler döredilmelidir. Onuň üçin esasan şeýle çäreler geçirilmelidir.

1.Traktorlary işe taýýarlananda howpsuzlyk çäreleri

Traktorda işlemäge, traktory erk etmäge şahadatnamasy bolan, hem-de howpsuzlyk tehnikasy we ýangyn howpsuzlyk barada düşündiriş işlerini geçen adamlara rugsat berilýär.

Traktorda işe başlamazdan öňürti zawodyň görkezmeleri bilen doly tanyş bolmalydyr. Traktory erk etmäge we ulanmagy doly bilmeseň işlenen mahaly ýaramaz hadysalara getirmäge sebäp bolup biler.

Täze gelen traktory işe taýýarlanýan mahaly himiki reaktiwler çalynan we kagyzlara siňdirilip ýelmenen jisimlerden ot düşmeginden ägä bolmaly. Traktory ulanyp başlamazdan öňürti yzky tigirleriň stupisasyna, traktory ulag serişdelerine berkitmek üçin birikdirilen gaýkany, stupisada hakyky gaýka bilen çalşyrylmaly. Esasy işleri ýerine ýetirmäge başlamazdan öňürti synag işleri (obkatka) geçirilmelidir, traktoryň hemme esbaplary ýerbe-ýer we tehniki tarapdan gurat bolmalydyr.

Traktoryň gurulyşynda göz öňünde tutulan örtükleri we germewleri (wentilýatoryň gorag germewini, yzky kuwwat geçiriji walyň örtügini we başgalary) aýyrmaga rugsat bermeli däldir.

Tormoz (saklaýjynyň) ulgamynyň, rul dolandyryjysynyň, yşyklandyryjy we ses enjamlarynyň, ýöreýiş böleginiň enjamlarynyň tehniki ýagdaýy hereket edýän kadalaryň standartlaryny doly gabat gelmelidir.

Tirkelýän oba hojalyk maşynlary tirkegde mahaly çaýkanmaz ýaly hem-de traktoryň üstüne abanmaz ýaly gaty birikdirijiler bilen üpjün edilmelidir.

Traktory dolandyryjy enjamlaryň iş ýagdaýlarynda mäkäm saklaýjylary bolmalydyr. Hemme görkeziji ýazgylar arassa saklanylmalydyr. Olar zaýalanan bolsa ýa-da ýitse täzesi bilen çalşyrylmalydyr.

Traktoryň elektrik ulgamynda akkumulýator batareýasy bolmasa, traktory ulanmaga rugsat berilmeli däldir.

Derman gaby (apteçka) bar bolan resminamalar boýunça dermanlar bilen üpjün edilmelidir.

2. Traktor işleýän mahalynda howpsuzlyk çäreleri

Traktor işleýän mahaly umumy howpsuzlyk çäreleri.
Jaýyň içi şemalandyrylmaýan bolsa traktorda işlemeli däldir. Işlenen gazlar adamyň dem alyş organlaryna täsir edip, adamyny ölüm howpyna getirmegi mümkindir. Dwigateliň üsti (kapoty) açyk bolsa ony otlamaga we işlemäge rugsat berilmeýär. Işläp duran traktoryň dwigateliniň üsti açylmaly däldir. Traktorçy (Operator) öz ýerinde bolmasa dwigateli işe girizmeli däldir. Dwigatel işe girizilýän mahaly hem-de dolandyryjy enjamlar ulanylanda traktorçy hemme wagt öz ýerinde kabinada bolmalydyr.

Dwigateli traktory tirkäp otlamak çykgynsyz ýagdaýda, gurat traktor bilen ýerine ýetirilmelidir. Dwigateli otlamazdan öňürti saklaýjy tormoz birikdirilmelidir, yzky we gapdal kuwwat geçiriji wallar ýazdyrylmalydyr (aýrylmalydyr), tizlik gutusynyň ryçagy aralyk (neýtral) ýagdaýda bolmalydyr.

Dwigatel işe girizilýän mahaly traktoryň aşagynda, onuň öňünde we yzynda, şeýle-de traktor bilen oňa tirkelýän maşynyň arasynda adam bolmaly däldir.

Ýöräp başlamazdan öňürti töwerekdäki we tirkelen maşyndaky adamlary ses (signal) bilen habardar etmeli, saklaýjy tormozyň ýazdyralandygyna göz ýetirmeli we haýallyk bilen traktory ýöredip başlamaly.

Traktor işleýän mahaly kabinada traktorçydan başga adam düýbinden bolmaly däldir. Traktor ýöräp barýarka ondan düşmeli däldir. Ýük daşalýan mahaly kabul edilen ýol-hereket kadalary doly berjaý edilmelidir.

Traktory umumy ýollarda sürmek üçin traktorçynyň azyndan iki ýyl iş tejribesi bolmalydyr hem-de ol ýol-hereket kadalary boýunça synag tabşyran bolmalydyr.

Traktor umumy peýdalanylýan ýollarda işledilýän mahaly şular ýerine ýetirilmelidir:
– tormozlaryň işleýşini barlap görmeli;
– tormozyň pedallaryny birikdirip, tormozlaryň bir wagtda işleýänini barlamaly eger gerek bolsa sazlamaly;
– duran ýerinde saklaýan tormozyň işleýşini barlamaly;
– ses we ýagtylyk bilen duýdyryjy enjamlaryň abatlygyny gözden geçirmeli;
–  tirkelýän maşynlar gaty birikdirijiler bilen tirkelmelidir, ondan hem başga ätiýaçlyk zynjyr ýa-da tros bilen birleşdirilmelidir; – ýapyaşak ýerde sürülen mahaly hiç wagt tizlik gutusy ýazdyrylgy bolmaly däldir. Ýapyýokaryk ýa-da ýapyaşak sürülen mahaly diňe bir tizlikde hereket etmelidir.

Siz näçe gaty tizlikde hereket edýän bolsaňyz hem-de tirkelýän enjamyň agramy köp bolsa, şonça-da howpsuzlyk aralygy uly bolmalydyr.

Kärhana barylýan aralyk ýollarda we geçelgelerde tizlik 10km/sag. köp bolmaly däldir.

Traktory ýapaşak ýerlerde saklamaly däldir. Şeýle ýerlerde saklamaklyk ýüze çykan mahaly traktory saklaýjy tormoz bilen saklamagy üpjün ediň. 

Traktoryň kabinasyndan çykjak bolsaňyz yzky we gapdal kuwwat geçirijileri ýazdyryň, dwigateliň işini togtadyň, duran ýerinde saklaýan tormozy birikdiriň we starteri birikdirýän açary çykaryp alyň.

Eger dwigatel ýa-da dolandyryjy rul işlemese traktory haýal etmän saklamaly. Dwigatel işlemeýän mahaly traktory dolandyrmak üçin rul tigirini aýlamak üçin köp güýç sarp etmelidigini ýatdan çykarmaň. 

Traktorda kemçilik ýüze çykan mahaly, ony haýal etmän saklamaly we kemçiligi düzetmeli.

Elektrolitiň, sowadyjy suwuklygyň, ýangyjyň we ýagyň syzyp dammasyna ýol bermeli däldir.

Traktorda traktory çykaryjy zawodyň göz öňünde tutan ýangyjy, ýagy we çalgy ýaglary ulanylmalydyr. Başga ýangyjy we ýagy ulanmak düýbinden gadagandyr.

Dwigatel işläp duran mahaly elektrik enjamlarynyň ulgamyny “massadan” aýryp öçürmeli däldir.

Garaňky mahalda işlenende abat yşyklandyryjy enjamlar bilen işlemelidir.

Eger traktor nädogry peýdalanylsa sürüjä we onuň töweregindäkilere howplydyr. Traktorda göz öňünde tutulmadyk enjamlary ulanylmaly däldir.

Eger traktora goşmaça enjamlar ýa-da kömekçi esbaplar oturtmaly bolsa, onuň şu traktora degişlidigine göz ýetirilmelidir.

Traktorda barlag-ölçeýji enjamlar abat bolmasa traktory işletmeli däldir. Şinalara ýel berilen mahaly hökman basyşy barlamalydyr. Traktora oba hojalyk maşynlary birikdirilen mahaly goşmaly şol maşynlar ulanylanda talap edilýän howpsuzlyk çäreleri ýerine ýetirilmelidir.

Traktora oba hojalyk maşynlary asylýan mahaly aşaky we ýokarky dartyjylaryň birikdirilýän ýerleriniň (şarniriniň) abatlygyna we arassalygyna göz ýetirmelidir.

Eger traktoryň yz tarapyndan agyr maşynlar asylan mahaly, onuň öň tarapy ýokary galýan bolsa, öň tarapyna goşmaça agramlyklar berkidilmelidir.

Ýokaryk galdyrylan oba hojalyk maşynlarynyň aşagynda işlemeli däldir. Köp wagtlap saklanylan mahaly asma oba hojalyk maşynlaryny galdyrylyp goýmaly däldir.

Asma oba hojalyk maşynlary ýokaryk galdyrylanda ýa-da aşak düşürilende hem-de traktor öwrülen mahalynda bir adama degmeýändigine ýa-da haýsy bolsa bir duran zada ilişmeýändigine göz ýetirmelidir.

Asma ýa-da ýarym asma maşynlaryny iş ýagdaýyna goýbermek we ony ulag (transport) ýagdaýyna götermek traktor diňe göni ýöräp barýarka ýerine ýetirilmelidir.

Traktoryň hem-de oba hojalyk maşynyň döwülmeginiň öňüni almak maksady bilen ulaglar geçýän ýerlerinden geçilende we ýokaryk galdyrylan oba hojalyk maşynlary bilen öwrülende yzky hem-de gapdal güýç geçiriji geçiriji wallaryň ýazdyrylandygyna göz ýetirmelidir.

Traktora oba hojalyk maşyny asylan mahaly ýa-da tirkelende, maşyny tirkeýän adam traktor doly durýança traktordan howpsuz aralykda durmalydyr. Asmaga ýa-da tirkemäge sürüjiniň ses duýdyrmasyndan soň başlamalydyr.

Traktoryň agdarylmasynyň öňüni almak üçin işlenen mahaly şu çäreler ýerine ýetirilmelidir:

– ýolyň ýagdaýyna görä howpsuz tizligi saýlap almaly, aýratyn hem çalkynlyk ýerlerden, ýaplardan eňňitlerden geçeniňde we batly öwrülen mahalyň has eserdeň bolmaly;

– öwrülen mahalyň tizlik 5 km/s köp bolmaly däldir;

– ýokardan aşak birinji ýa-da ikinji tizlikde ýerine ýetirilmeli.

Traktoryň agdarylmagyna howp bar ýerlerinde traktory ulanmak gadagandyr.

Kardanly geçiriji kuwwat geçiriji wala birikdirilen mahaly, kuwwat geçiriji wal ýazdyrylgy traktor duran ýerinde saklaýan tormoz bilen saklanmalydyr we dwigatel öçürilgi bolmalydyr.

Kuwwat geçiriji waldan maşynyň hereket almasy gutarandan soň kardanly geçiriji aýrylmalydyr.

Kuwwat geçiriji waldan oba hojalyk maşynlaryna hereket geçirýän kardanly walyň töweregi germewli (ýapylgy) bolmalydyr.

Duran ýerinde işledilýän maşynlar yzky ýa-da gapdal kuwwat geçiriji wallardan hereket alýan bolsalar duran ýerinde saklaýan tormoz birikdirilgi bolmalydyr, şonda maşynyň oňat berkidilendigine göz ýetirmelidir.

Yzky ýa-da gapdal kuwwat geçiriji waldan hereket alynýan mahaly ýa-da aýlanyp duran enjamlaryň ýanyna baranyňda geýim-eşikleriňiz sallanyp durmaly däldir.

Traktoryň ýa-da oba hojalyk maşynyň döwülmeginiň öňüni almak maksady bilen traktory öwreňizde maşynyň iş bölekleri (organlary) ýerden doly ýokaryk galdyrylmalydyr.

Traktorlar biri-biriniň yzyndan hatar bolup işlänlerinde olaryň aralygy 30 m az bolmaly däldir.

Işleýän şertiňize görä kabinany açyk howadan şemallandyryň ýa-da gerek bolsa ýylydyjy we sowadyjy enjamlardan peýdalanyň.

Traktoryň iş wagtynda traktorçy eşidiş organlaryny goraýan enjamlardan peýdalanmalydyr. 

Traktor işledilýän mahaly ýa-da elektrik tok geçiriji simleriň gabadyndan geçende, traktoryň iň ýakyn ýeri bilen elektrik tok geçiriji simiň arasynda şeýle aralyk bolmalydyr: 

Elektrik simdäki naprýaženiýa, kW1120-25110154-220300-500
Gapdal aralygy, azyndan, m.1,52469
Dikligine aralygy azyndan, m.12346
  1. Ýangyn howpsuzlyk çäreleri

Traktor ýangyna garşy enjamlar-pil we ýangyn söndiriji bilen üpjün edilmelidir. Ýangyn söndüriji enjamlary bolmasa traktorda işlemek gadagandyr.

Dwigatel işläp duran mahaly ony ýangyç bilen hiç wagt doldyrmaly däldir. 

Traktora ýangyç guýulýan mahaly, ýanynda çilim çekmeli däldir.

Ýangyç gabyny doly ýokarky erňegine çenli doldyrmaň. Ýangyjyň temperaturasy ýokarylananda giňelmäge ýer goýuň. 

Hiç mahal dwigateliň ýangyjyna benzin ýa-da başga garyndylar goşmaň. Şeýle goşundylar ot almaga ýa-da partlama emele gelmegine şertler döreder.

Traktoryň hem-de ýangyç ýag jisimleriniň saklanýan ýeriniň töweregi ini 3 m. az bolmadyk ýerde sürüm geçirilmelidir hem-de ýangyn söndüriji enjamlar bilen üpjün edilmelidir.

Traktora ýangyç-ýagy dwigateliň işini togtadyp (saklap) mehanizmleriň kömegi bilen guýuň. Bedre bilen ýangyç gaplaryny doldurmak maslahat berilmeýär. Meýdan şertlerinde elektrik-gaz kebşirleýjiler ulanyp abatlaýyş işleri geçirilende şaýlary we bitewi bölekleri ösümlik galyndylaryndan arassalaň.

Ses peseldiji hem-de tüsse çykaryjy turbalary ýangyç-ýag hem-de ösümlik bölekleri bilen hapalanmagyna ýol bermäň.

Traktora tirkelen oba hojalyk maşynlaryň aýlanýan böleklerine sypalyň saralmagyna ýol bermäň.

Şaýlar hem-de ýygnalan bölekler kerosin, benzin, dizel ýangyjy bilen ýuwulan mahaly ýuwujy jisimlerden çykýan buguň ot düşmeginiň öňüni almak çäreleri geçirilmelidir.

Traktor ot düşmek howpy bar ýerlerinde işledilende kapoty (gapagy) we dwigateliň beýleki gyzgyn ýerlerinde gorag örtükleri aýrylmaly däldir.

Traktor ýangyç bilen doldyrylýan mahaly ýag gabyndaky (karter) ýagy ýylytmak, radiatordaky galyndylary ýakmak üçin ýalyn çykarýan enjamlary ulananda ýol bermeli däldir.

Ot düşmek alamatlary ýüze çykan mahaly ol ýeriň üstüne gum sepmeli, keçe, brezent ýa-da başga syk enjamlar bilen ýapmaly. Ot söndürijileri ulanmaly. Ýanyp duran ýangyja we ýaga suw sepmeli däldir. Dwigatel işläp duran mahaly onuň ses peseldijisiniň we tüsse çykaryjy turbasynyň ýakynynda tiz ot düşýän jisimler bolmaly däldir.

Agajan ATAÝEW,  Arzuwgeldi KULYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok